Ýekşenbe güni Müsüriň oppozisiýa toparlary ýurduň wise-prezidenti Omar Süleýman bilen geçirilen gepleşikleriň «oňyn» ýagdaýda geçendigini, emma öz edýän talaplaryny ödemändigini mälim etdiler.
Müsürde 13 güne çeken köpçülikleýin protest çykyşlaryndan soň, düýn ahyrsoňy oppozisiýanyň wekilleri ýurdun täze bellenen wise-prezidenti Omar Süleýman bilen gepleşik geçirdiler.
Bu gepleşikleriň yzy bilen Müsüriň hökümeti ýurtda geçirilmeli reformalary öwrenmek we teklipleri taýýarlamak boýunça iş alyp barjak ýörite bir komissiýanyň döredilmegi barada özara ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.
Müsüriň hökümetiniň maglumatyna görä, mart aýynyň başyna çenli teklipleri taýýarlamak bilen meşgullanjak bu komissiýanyň düzümine sudýalar we dürli syýasatçylar girer.
Hökümetiň bu planyna görä, ýurduň prezidenti Hosni Mubarek geçiriljek reformalara gözegçilik etmek üçin öz wezipesinde galmaly. Emma ýurduň oppozisiýa toparlary Hosni Mubaregiň haýdan-haý öz wezipesinden çekilmegine aýak direýärler.