Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tailand bilen Kambojanyň serhetlerinde çaknyşyk boldy


Ýekşenbe güni Tailand bilen Kambojanyň serhetlerinde territorial dawalar sebäpli indi üçülenji gün ýaragly çaknyşyklar ýüz berdi.

Bu çaknyşyklara iki ýurduň serhet ýakasynda ýerleşýän gadymy buddizm ybadathanasynyň territoriýasy bilen bagly dawalar sebäp boldy.

Hepdäniň anna we şenbe günleri serhediň üstaşyry ýüz beren çaknyşyklarda azyndan 5 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Şenbe güni Tailandyň hökümeti atyşyklaryň bes edilmegine çagyryş edip, beýanat etdi.

Biziň eramyzyň 11-nji asyrynda gurlan we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goralýan Preah-Wihear ybadathanasy 1962-nji ýylda halkara sudy tarapyndan Kamboja degişli edilipdi. Emma Tailandyň köp raýatlary bu karar bilen ylalaşmaýarlar.
XS
SM
MD
LG