Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Owganystandaky «parallel guramalary» tankytlady


Ýekşenbe güni howpsuzlyk meselesi boýunça Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçýän halkara konferensiýasynda prezident Hamid Karzaý Owganystanda «parallel guramalaryň» bikanun ýagdaýda iş alyp barýandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi.

Hususan-da, ol ýurtda hereket edýän daşary ýurtly gumanitar we gorag guramalarynyň funksiýasynyň Owganystanyň kanunçylygynyň çäklerinden çykýandygyny we olaryň ýürtdaky geçiş prosesini kynlaşdyrýandygyny öňe sürdi.

Hamid Karzaý Owganystanda hereket edýän käbir daşary ýurtly hususy firmalaryň peýdasyndan zyýanynyň kändigini nygtady.

Şeýle hem, ol öz çykyşynda Owganystanyň howpsuzlygy baradaky jogapkärçiligiň ýurduň öz harby güýçlerine geçmek prosesiniň şu ýylyň 21-nji martyndan başlajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG