Indoneziýanyň merkezi Ýawa welaýatynda ýüzlerçe ekstremist yslamçylyar suduň binasyna hüjüm etdiler we iki sany hristian kelisesini otladylar.
Olaryň aýtmagyna görä, bu hereketleriň sebäbi dine şek ýetirmekde aýyplanýan hristiana suduň ýeňil jeza bermegi bolupdyr.
58 ýaşly Antonius Bawengan “Yslama garşy ýigrenji artdyrýan” kitaplary we listowkalary ýaýratmakda günäli tapyldy. Şeýle-de ol bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Protestçiler Bawenganyň ölüm jezasyna höküm edilmelidigini öňe sürýärler.
Ýekşenbe güni Indoneziýanyň günbatar Ýawa welaýatynda radikal yslamçylar azlykdaky “Ahmadiýa” yslamy sektasynyň üç wekilini hem öldürdiler.