Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentligine dalaşgär Duambekow gazak dili synagyndan geçdi


Çarşenbe güni Gazagystanda prezidentlige dalaş etmek isleýän kandidatlardan biri Musagali Duambekow ilkinji bolup gazak dili boýunça ekzamenden geçdi.

Gazagystanda 3-nji aprelde geçiriljek saýlawlarda prezidentlige dalaş etmekligi planlaşdyrýan Musagali Duambekow prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeni Kaýrat Satybaldyýewiň ýakyn dosty hasaplanylýar.

Gazagystanyň kanunyna görä, prezidentlige dalaş etmek isleýän islendik kandidat gazak dili boýunça ýörite ekzamenden geçmeli.

Hepdäniň sişenbe güni prezidentlige dalaş etmek isleýänlerden biri, ozalky parlament deputaty Walikhan Kaýsarow dil boýunça ekzamenden geçip bilmändigi üçin saýlawlara gatnaşmasyz edildi.

Kaýsarowyň özi dil boýunça komissiýanyň beren bahasyny syýasy matlaba esaslanýan baha diýip atlandyrdy.

Prezident N.Nazarbaýewiň permany bilen möhletinden öň geçirilmeli edilen häzirki prezidentlik saýlawlaryny käbir oppozisiýa toparlary bikanun hasaplap, ony baýkotirlemäge çagyryş edýärler.
XS
SM
MD
LG