Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarek häkimiýeti harbylara tabşyryp, prezidentlikden çekildi


Hosni Mubarek häkimiýetden gitdi. Bu barada Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýman aýtdy.

Müsüre 30 ýyllap prezidentlik eden Mubarek ýurtdaky häkimiýeti harbylara tabşyrdy diýlip, habar berilýär.

Süleýmanyň ýerli telewideniýe arkaly halka ýetiren bu habary 18 gün bäri protest geçirýän müsürliler tarapyndan uly şowhun bilen bilen garşylandy.

Bu täzelikden soň, müsürliler ýurduň baýdaklaryny galgatdylar, begençden ýaňa aglaşdylar we şatlyk şygarlaryny ýaňlandyrdylar.

Mundan öň berlen maglumatlarda 82 ýaşly Mubaregiň öz maşgalasy bilen paýtagt Kairi terk edip, Gyzyl deňziň kenaryndaky Şarm el-Şeih kurortyna gidendigi aýdylypdy.

Bu wakalardan öň, anna güni Müsüriň harbylary ýurtdaky reformalaryň amala aşyrylyşyna özleriniň gözegçilik etjekdiklerini aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG