Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Üç ajy» däl, «Üç hajy»


«Häzir hem Merw bilen Çeharjuýyň ýolunda «Üç ajy» diýen ýer bar. Şol «Üç ajy» Wamberiniň agzaýan «Üç hajy» obasydyr» diýip, pars çeşmelerinde hem ýazylýar.
«Häzir hem Merw bilen Çeharjuýyň ýolunda «Üç ajy» diýen ýer bar. Şol «Üç ajy» Wamberiniň agzaýan «Üç hajy» obasydyr» diýip, pars çeşmelerinde hem ýazylýar.

Şu ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Üçajy şäherçesine sapara barypdy.

Dünýädäki iň bir uly çölleriň biri bolan ümmülmez Garagum çölüniň orruk ortarasynda ýerleşýän bu ilatly nokatda ýurduň ýolbaşçysy düşläp, halkyň halyndan habar aldy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri bilen tanyşdy.

Hiç wagt welaýatdyr etrap häkimleriniň-de daban basmadyk bu çöl obasynyň ilaty ýurduň prezidentiniň öz obalaryna gelmegine örän begendi. Tozap ýatan çölüň içindäki obada döwrebap mekdebiň, çagalar bagynyň, medeniýet öýüniň, dermanhananyň guruljakdygy hakdaky habar bolsa oba ilatynyň begenjini al-asmana göterdi.

Milady hasaby bilen on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda, hijri hasaby boýunça on sekizinji asyrda derwüş eşigine girip, Orta Aziýa syýahat eden wenger alymy Arminiý Wamberi özüniň «Ýalan derwüşiň syýahaty» atly kitabynda (sahypa—507) «Üç ajy» obasy barada şeýle ýazgy galdyrypdyr: «Gadymy Merw (Baýramaly) bilen «Çeharjuý» (Çärjew) aralygyndaky ýoluň ugrunda bir oba ýerleşýär. Bu oba çenli aralyk Merwden 101 kilometr, Çeharjuý tarapdan 123 kilometrdir. Bu oba «Üç hajy» obasydyr. Bu obada iki sany suwly çeşme bar. Olaryň biri «Kyrk taş», biri bolsa Repetege tarap gidýär».

«Häzir hem Merw bilen Çeharjuýyň ýolunda «Üç ajy» diýen ýer bar. Şol «Üç ajy» Wamberiniň agzaýan «Üç hajy» obasydyr» diýip, pars çeşmelerinde hem ýazylýar.

Diýmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 26-njy ýanwarynda baran obasy — ýagny, häzirki Baýramaly bilen Türkmenabat şäheriniň aralygyndaky ýoluň ugrunda ýerleşýän Üçajy obasynyň ady «Üç hajydyr».

«Üç hajyda» guruljak täze mekdeplerde, diňe bir «Üç hajydaky» mekdeplerde däl, eýsem, Türkmenistanyň ähli oba-şäherlerindäki mekdeplerde hem ýurdumyzdaky ýer-ýurt atlarynyň manysy öwredilse, nesillerimiziň öz ýaşaýan ýerleriniň manysyny tirmegine uly kömek bolar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG