Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Türkmenistana barar


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Robert O.Bleýk 14-19-njw fewral günleri ikitaraplaýyn konsultasiýalara gatnaşmak üçin Türkmenistana we Özbegistana barar.

Robert O.Bleýk hökümet wekilleri, işewür liderler, graždan jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşar. Ol 16-njy fewralda Aşgabatda ýyllyk ikitaraplaýyn kosultasiýalara syn berer.

ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary bilen şeýle konsultasiýalary 2009-njy ýyldan bäri geçirip gelýär. Şol konsultasiýalarda strategik hyzmatdaşlygy, ykdysady problemalary, adam hukuklaryny we regionyň meselelerini goşmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary maslahat edilýär.
XS
SM
MD
LG