Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde Mubaregiň parlamenti dargadyldy


Müsüriň harbylary Kairiň Tahrir meýdançasynda, 13-nji fewral.
Müsüriň harbylary Kairiň Tahrir meýdançasynda, 13-nji fewral.
Müsüriň harby ýolbaşçylary parlamenti dargadyp, Konstitusiýany ýatyrmagy wada edensoň, protestçilerň aglabasy Tahrir meýdançasyndan gitdiler.

Ýaragly güýçleriň Ýokary geňeşi 13-nji fewralda telewideniýe arkaly beren beýanatynda harbylaryň 6 aý häkimiýet başynda galjakdygyny, saýlawlaryň hem şu möhletiň içinde geçiriljekdigni aýtdy.

Şeýlelikde, 18 güne çeken protestlerden soň, 11-nji fewralda häkimiýet başyndan giden prezident Hosni Mubarek tarapyndan öten aý bellenen Kabinet ýurdy dolandyrmagy dowam etdirer. Ýöne ol indi harbylara hasabat berer.

Parlamentiň we Konstitusiýanyň Mubarek tarapyndan korrupsiýa çekilendigine ynanýan protestçiler Ýaragly güýçleriň Ýokary geňeşiniň beýanatyny gyzgyn garşyladylar.

“Ýokary harby ýolbaşçylaryň gelen bu karary, ýagny täze Konstitusiýanyň taslamasyny düzmek, halk ýygnagyny we parlamenti dargatmak, ýokary derejede azat durmuşa başlamak bilen Müsür arkaýyn ýola düşüp, ynam bilen öňe ilerläp barýar. Köçelerdäki adamlaryň hem isleýäni şu” diýip, kairli Hasan Alaýdy aýdýar.

Protestleriň özenini emele getirýän topary Tahrir meýdançasyndan çykarmak harbylara aňsat düşmedi. Demonstrantlar harbylaryň häkimiýeti graždan dolanyşygyna tabşyrmagyny talap edýärler. Protestçileriň arasynda rewolýusiýanyň maksatlaryny gorap, harbylara edilýän basyşy dowam etdirmek üçin “Ynamdarlar Geňeşini” döredenler-de bar.

Müsürlileriň aglaba köplügi bolsa, basym adaty durmuşa dolanylmagyny isleýär. Paýtagtda dükanlar täzeden açyldy. Söwdagärler köp işleri togtadan bidüzgünçilikleriň soňlanmagyny umyt edýärler.

Durnukly ýagdaýa dolanmak islegi

Premýer-ministr Ahmed Safik ýekşenbe güni häzirki hereket edýän hökümetiň ileri tutýan birinji işiniň ýurtda howpsuzlygy ornadyp, ilatyň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmekdigini aýtdy.

Täze administrasiýa Mubaregiň ýokary derejeli ministrlerine bildirilýän aýyplamalar barada hem derňew işleriniň geçirilýändigini aýdýar. Mubaregiň režiminiň agzalarynyň kontrollygyndaky pullary yzyna almak barada hem tagalla edilýär. Ýöne gaýtadan durnuklylyga dolanmak ol diýen aňsat bolmajaga meňzeýär.

Mubaregiň häkimiýet başyndan kowulmagyna getiren gozgalaň işçileriň-de iş ýagdaýlarynyň gowulanmagy, korrupsiýanyň ýok edilmegi barada iş taşlaýyş geçirmegine getirdi.

Mysal üçin, 14-nji fewralda Kairda Aleksandriýa bankynyň işgärleri bankyň öňüne ýygnanayp, öz başlyklarynyň wezipeden çekilmegini talap etdiler. Bularyň biri Samir Mohammed el-Saýed. Ol şeýle diýýär: “Biz bu talaby ençeme ýyl bäri goýup gelýäris. Ýöne muňa gulak gabardan bolmady. Bizden biri ýagdaýdan nägile bolsa, işden kowuldy. Öňki işgärleriň alýan aýlygy bilen şertnama arkaly täze işe alynýan ýaş işgärleriň aýlygynyň arasyndaky tapawut müňlerçe müsür funty. Aýlyklarda uly tapawut bar”.

Kairi terk edip, Şarm el-Şeýhe gelen Mubaregiň gelejekde näme planlarynyň bardygy belli däl. Onuň Müsürden başga bir ýurda gidendigini aýdýanlar hem bar.

Her niçik-de bolsa, Mubaregiň häkimiýet başyndan kowulmagy arap dünýäsinde demokratik reformalar baradaky talaplaryň köpelmegine getirdi. Alžirde hökümete garşy protestler turdy. Ýemende hem 14-nji fewralda müňlerçe studentler we adwokatlar köçelere çykyp, uzak wagt bäri höküm sürüp gelýän prezident Ali Abdullah Salehiň wezipeden çekilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG