Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada okuwçy gyz bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi


Siriýada milli howpsuzlyk meseleleri boýunça sud mekdep okuwçysy bolan bloggeri ABŞ-a gizlin maglumat berdi diýen günä bilen bäş ýyl azatlykdan mahrum etdi.

19 ýaşly Tal-al-Maluhi Internete giň meşhurlyga eýe bolan makalalar ýazyp, olarda palestin halkyna uly goldaw bermegi ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamadan haýyş etdi.

Suda çekilen okuwçy 2009-njy ýyldan bäri tussag astyndady.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti siriýaly okuwçy gyzy azatlyga çykarmaga çagyryş etdi we ony içalyçylykda aýyplamagyň esassyzdygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG