Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors sudy Putiniň üstünden edilen şikaýata seretmedi


Moskwanyň Sawýolowsk sudy üç oppozisioner syýasatçynyň mertebelerini goramak üçin premýer-ministr Wladimir Putiniň üstünden beren şikaýatyna seretmekden ýüz öwürdi.

Heniz resmileşdirilmedik Halk azatlygy partiýasynyň egindeş başlyklary Boris Nemsow, Wladimir Milow hem Wladimir Ryžkow geçen ýylyň dekabrynda göni efirde Putiniň özleri barada aýdanlary üçin suda şikaýat etdiler.

Şonda Orsýetiň premýer-ministri olary döwlet býujetinden milliardlarça pul ogurlamakda aýyplapdy.

Üç oppozisioner Putinden şol sözleri ýalana çykarmagy we million rubl kompensasiýa tölemegi talap etdiler.

Mundan öň Nemsow şikaýata seretmekden sud ýüz öwürse, özüniň hem egindeşleriniň adam hukuklary boýunça Ýewropa suduna ýüz tutjakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG