Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senator amerikan raýatynyň meselesi boýunça Pakistana barýar


Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň senatory Jon Kerri iki sany pakistanlyny öldürmekde aýyplanýan amerikan raýatynyň meselesini aýdyňlaşdyrmak maksady bilen Pakistana barýar.

Tussag edilen amerikan raýatynyň aýtmagyna görä, iki adam ony talajak bolanda, ol özüni goramak makady bilen olary atyp öldüripdir.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň aýtmagyna görä, tussag edilen amerkan raýatynyň diplomatik el degrilmezlik statusy bar.

Pakistanyň sudy tussag edilen amerikan raýatynyň diplomatik el degrilmezlik statusy aýdyňlaşdyrylýança, onuň tussaglykda saklanmagy barada höküm çykarypdy.
XS
SM
MD
LG