Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aýdym maňa azatlygy öwretdi"


Musa Jeliliň türmede ýazan kitaby
Musa Jeliliň türmede ýazan kitaby

Şahyr hem Gahryman Musa Jeliliň doglan gününe 105 ýyl boldy.

Tatar halkynyň beýik ogly, şahyr hem gahryman Musa Jelil 1906-njy ýylyň 15-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Orenburg oblastynyň Mustafy oblasynda daýhan maşgalasynda dünýä inipdi.

Ol ýerli medresede bilim alýar, soňra MGU-nyň Edebiýat fakultetini tamamlaýar. Ol dürli metbugat neşirlerinde işleýär hem Tatar Döwlet Opera we Balet teatry esaslandyrylanda, onuň ilkinji guramaçylaryndan biri bolýar. Ol bu teatr üçin librettolary ýazýar. Uruş başlanýança, onuň 12 ýygyndysy çap edilýär.

Musa Jelil 1941-nji ýylyň iýul aýynda, urşuň ilkinji günlerinde, Gyzyl goşunyň hatarynda söweşe gidýär. 1942-nji ýylda sowetler üçin agyr ýitgili bolan Wolhowo frontunda agyr ýaralanyp, faşistleriň eline ýesir düşýär. Şol döwürdenem onuň ömründäki iň agyr hem heläkçilikli synaglar başlanýar. Ol ýesirlikde faşizme garşy göreşi dowam etdirip, ýesirleriň arasynda gozgalaň işlerini guramaga synanyşýar. Ol sowet propagandasyny ýaýradýan gizlin guramanyň agzasy hökmünde aýyplanyp, harby lagerden Berliniň etegindäki türmä geçirilýär. Musa Jelil ölüm jezasyna hökum edilip, 1944-nji ýylyň 25-nji awgustynda atylyp öldürilýär.

Ol şol agyr döwürleriň tutuş dowamynda ötgür sözüni – poeziýasyny dowam etdirmegi başarypdyr. Şahyr bir goşgusynda:

Aýdym maňa azatlygy öwretdi,
Aýdym maňa pälwanlarça ölmegi –

diýipdi. Şeýlelikde, türmede “Moabit depderi” atly goşgular toplumy peýda bolýar. Aýry-aýry ýandepderlere ýazylan ol goşgularyň saklanyp galmagyna hem tatar halkyna gowuşmagyna Musanyň göreşdeş ýoldaşy, belgiýaly antifaşist Andre Timmermans uly ýrdam edýär. Musa Jelil atuwa gideninde, golýazmasynyň bir bölegini oňa ynanypdyr. Bu işe Teregulow atly esger hem ýardam edipdir.

Onuň wesýetnamasynda şeýle sözler bar. “Eger bu kitapça seniň eliňe düşse, ony ak kagyza arassa hem ünsli göçür, olary gora hem uruşdan soň Kazana mälim et, ol tatar halkynyň gurban bolan şahyrynyň goşgulary hökmünde çykar. Bu meniň wesýetim. Musa Jelil. 1943. Dekabr”.

Görşümiz ýaly, ol soňky demine çenli tatar halkynyň ogly bolupdyr hem her bir ýerde, her bir şertde bolsa-da, ata Watanyna hyzmat edipdir.

Uruşdan soň “Moabit depderinden” jemi 115 goşgy tatar halkyna gowuşdy.Ýöne onuň ýesir düşmegini hem duşman lagerinde bolmagyny I.W.Stalin bagyşlap bilmedi. Şeýlelikde Musa Jeliliň gahrymançylygy hem Watan öňündäki hyzmaty diňe Staliniň şahsyýet kulty ýazgarylansoň, ykrar edildi. Şonuň yzysüre onuň ençeme eserleri B. Kerbabaýew tarapyndan türkmen diline-de terjime edilipdi. “Moabit depderi” bolsa türkmen okyjylaryna aýratyn kitap görnüşinde gowuşdy.

Şeýlelikde Musa Jelil 20-nji asyryň başynda tatar halkynyň dünýewi edebiýatynyň düýbüni tutujy Gabdulla Tukaýyň beýik ýoluny dowam etdiriji boldy. Ol öz halkynyň çeper dilini hem dogry sözüni iň agyr synaglardan geçirmegi başardy. Tatar diliniň gudratyny hem güýjüni faşistleriň Moabit türmesi saklap bilmedi. Musa Jelil diliň göreşmegini hem ýeňmegini isledi. Ol şol beýik maksadyna-da ýetdi. Ahyrky netijede ol tatar diliniň okdan ölmejekdigini, türmede çüýremejekdigini subut etdi.

Musa Jeliliň batyrlygy hem gaýduwsyzlygy SSSR-iň iň ýokary sylagyna mynasyp boldy. Oňa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen iň belent ady berdiler. Onuň ölmez-ýitmez eserleri bolsa SSSR-iň iň ýokary Lenin baýragyna mynasyp boldy.

Iň soňky aýdymym

Uzaklara seredýärin:
Dag-düz, asman – giden giňlik.
Meniň welin, ýatan ýerim
Hem aňkap dur, hemem tümlük.

Ak ganatly bir guşjagaz
Pasyrdap ýör al-asmanda.
Men welin, elim gandally
Ýatyryn porsy zyndanda.

Gyzylja gül gök meýdanda
Atyr ysyn saçyp otyr.
Musa bolsa çyg zyndanda
Läbikli suw içip otyr.

Ýaşamak nähili süýji!
Ne ajap ömri adamyň!
Men welin, häzir ölmeli,
Bu aýdym – soňky aýdymym.

Awgust, 1943 ý.

Goşgyny terjime eden Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow.
XS
SM
MD
LG