Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haýyr hem şer hakynda


Soltansöýün Baýkara bir gezek köşgündäki edebi çekişmede: «Durmuşda haýyr ýeňýärmi ýa şer?» diýen sowaly orta atypdyr.
Soltansöýün Baýkara bir gezek köşgündäki edebi çekişmede: «Durmuşda haýyr ýeňýärmi ýa şer?» diýen sowaly orta atypdyr.
Soltansöýün Baýkara bir gezek köşgündäki edebi çekişmede: «Durmuşda haýyr ýeňýärmi ýa şer?» diýen sowaly orta atypdyr. Bu sowala köşk emeldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň hersi özüçe jogap berip, biri «Şer ýeňýär» diýse, beýleki biri haýryň ýeňýändigini subut etmäge çalşypdyr.

Bu sowal garaşylmadyk çekişmäni döredipdir. Ýöne sowalyna delilli jogap tapmadyk Soltansöýün Baýkara dawa goşulman oturan Alyşir Nowaýynyň pikirini sorapdyr welin, Nowaýy: «Patyşam, Siziň bu soragyňyza şu rowaýat bilen jogap beresim gelýär» diýip, rowaýat aýtmaga başlapdyr. Uly gowur bolup oturan adamlaryň sesine suw sepilen ýaly bolup, hemme oturanlar gulaga öwrülipdirler.

Gadym zamanda haýyr bilen şer biri-birine garşy üznüksiz uruş yglan edipdirler. Bularyň jeňinden adamlar bizar bolansoň, ahyry olar ýaraşyk baglaşypdyr. Özleriniň ýaraşyk baglaşmagy bilen, adamlaryň sapaly durmuşda ýaşaýandygyny görmek üçin haýyr bilen şer bilelikde jahana gezelenç etmegi ýüreklerine düwüp, ýola düşüpdirler.

Dünýäni seýil edip barýan haýyr bilen şer günde üç gezek düşläp, nahar iýip, dem-dynç alypdyrlar, ýöne olaryň hersi öz azyk- owkatyny iýýär eken. Ahyry haýyr şeýle diýip dillenipdir: «Şer dost, ikimiz ýaraşdyk, indem adamlaryň biziň ýaraşygymyz sebäpli bagtly ýaşaýşyny gözümiz bilen görmek üçin dünýäni aýlanyp ýörüs, emma biz henizem biri-birimize ynanmaýan ýaly, herimiz öz çöregimizi iýýäris. Gel, biz dost bolup, zadymyzy orta goýaly, agzybirlikde saçagymyzam bir bolsun» diýipdir.

Şer: «Dost, sen örän dogry aýdýaň. Ýöne ortak zat dawa döredäýmesin, şonuň üçin hut seniň diýşiň ýaly etmän, juda bolmasa herimiz her gezek iýjegimizi saçaga goýaly, saçakdaky iýmitimizi seňki-meňki diýmän iýäýeli» diýipdir.

Haýyr hem şeriň aýdanlary bilen ylalaşmandyr we: «Dost, onda ilki meniň azyklarymy iýeli, soňra seniňkini iýeris, bu ýerde seňki-meňki bolmaz» diýipdir.

Şondan soň jahankeşdelik edip barýan haýyr bilen şer düşlän çagynda haýyr azygyny orta goýup, şere owkadyny çykarmagyna ýol bermändir. Ahyry haýryň iýmiti gutarypdyr. Soňky düşlänlerinde saçagy şer ýazyp, öz naharyny ýeke özi iýmäge başlap, haýra barmysyňam diýmändir.

Iki-üç gezek düşlänlerinde şeýle ýagdaý gaýtalanandan soň haýyr dillenipdir: «Şer dost, men azyk-owkadymy seniň bilen paýlaşdym, indi meniň azyklarym gutardy, indi sen maňa hödür etmeli».

Ýöne şer haýryň hörpünden gopman, şeýle diýipdir: «Haýyr dost, iýmejegem bolsam, sen maňa öz naharyňdan iýdirdiň, ýöne men seniň azygyň gutaran çagy öz azygymy saňa bermegi boýun alan däldirin. Emma menem eglişige gelip biljek, eger her gezek bir synaňy berseň, men seni doýraryn» diýipdir.

Gürrüň uzak, gepiň gysgasy, her gezek ajygyp, surnuganda haýyr şere bir synasyny berip doýmaly bolupdyr. Şeýlelikde, haýyr tokga et bolup galypdyr welin, şer onam arkasyna almaga mejbur bolupdyr. Ahyry bularyň ýoly patyşasy ýogalan bir kiçiräk ýurduň üstünden düşüpdir. Ol ýurduň adamlary patyşasy ýogalsa, bagt guşuny uçuryp, şol guş kimiň depesine gonsa, parh goýmazdan, şol adamy patyşa saýlaýan ekenler.

Adamlar bagt guşuny uçurypdyrlar welin, guş tokga et bolan haýryň depesine gonupdyr, adamlar haýry patyşa göteripdirler. Haýyr patyşa bolandan soňra, şeriň ýamanlygyna ýagşylyk bilen jogap edip, ony wezirleriniň biri edip belläpdir. Özem ýurdy gaty adalatly dolandyrypdyr.

Ýöne synalaryny aldyran haýyr alty aýdan ýogalypdyr welin, adamlar ýygnanyp, şeýle karar edipdirler: «Haýyr patyşalygynyň gysgajyk döwründe ýurtda adalaty ornaşdyrdy. Adalatly patyşamyzy arkasyna alyp, şer getirdi, şonuň üçin şu gezek bagt guşuny uçurmak däbinden el çekip, şeri patyşa saýlalyň. Bagt guşuny uçuryp patyşa saýlanlarymyzyň içinde halka hunaba ýuwutdyrany az däl. Şer bolsa haýyr patyşamyzyň adalatyny dowam etdirer».

Şeýdibem, bu ýurduň adamlary ilkinji gezek bagt guşuny uçurmak däplerinden el çekip, şeri patyşa saýladylar. Bu däp soňra Ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Garaz, şondan bärem älem-jahan şeriň şalygy bilen dolandyrylýar diýilýär.

Emma bu ýerde haýran galmaly bir ýagdaý bar — şer jahan patyşalygyny öz niýeti-päli bilen däl-de, haýryň arassa kalbyna duwlanyp, dolandyrýan eken.

Alyşir Nowaýy bu rowaýatyny tamamlan dessine Soltansöýün Baýkara: «Men öz sowalyma emir Alyşirden gaty akylly jogap tapdym» diýipdir, şondan soň «Haýyr ýeňýärmi ýa şer ýeňýär?» diýlen sowalyň çekişmesem oturanlaryň hemmesiniň ylalaşmagynda tamamlanypdyr.

Toplan türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew.
XS
SM
MD
LG