Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak ýokary derejeli çinownikleriň aýlygyny azaldar


Ýurtda köpçülikleýin bidüzgünçiliklere ösüp ýetmegi mümkin sosial protestleriň fonunda Yrak häkimiýetleri ministrleriň, parlamentiň deputatlarynyň aýlyk haklaryny birden aşaklandyrmak kararyna geldi.

Şu ýyl ýokary derejeli çinownikleriň aýlygyny azaltmagyň hasabyna 19 million dollar tygşytlamagyň planlaşdyrylýandygyny yrak hökümetiniň sekretary Aly al- Alaak çarşenbe güni habar berdi.

Hususan-da premýer-ministr Nury al-Maliki mundan beýläk aýda 10 müň gowrak dollar alar. Şu wagta çenli onuň aýlygy 27 müň dollardy.

Çarşenbe güni Yragyň Kut şäherinde sosial-üpjünçiligiň derejesini ýokarlandyrmagy hem korrupsioner çinownikleri jezalandyrmagy talap edip geçirilen köpçülikleýin aksiýada, bärsinden, üç adam ölüp, 27-si ýaralandy.
XS
SM
MD
LG