Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda 27 ýaşly aktiwist dört ýyl azatlykdan mahrum


Penşenbe güni Belarusyň sudy, geçen ýylyň dekabrynda köpçülikleýin protestlere gatnaşandygy üçin, oppozisiýa aktiwisti 27 ýaşly Wasiliý Parfenkowy dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Prokuratura Wasiliý Parfenkowa alty ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorapdy.

Geçen ýylyň dekabrynda Aleksandr Lukaşenkonyň nobatdaky gezek prezidentlige saýlanmagyna garşy müňlerçe adam paýtagt Minskde protest geçiripdi.

Şol protestlerde 30 töweregi adam, şol sanda prezidentlige dalaş eden dört sany kandidat hem tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG