Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda owganystanly üç student ýitirim boldy


Owganystandan Nýu-Ýorka dört hepdelik medeni tejribe alyşmak programmasy boýunça gelen üç student ýitdi.

Şäher häkimiýetleri studentleriň ogurlanman, öz islegi bilen okuw jaýyny terk edendigine umyt baglaýar.

Polisiýa 21 ýaşly iki owgan gyzyny hem ýene bir ýaş oglany gözleýändigini habar berdi.

Ýiten üç student ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş programmasy boýunça Nýu-Ýorka gelen 20 adamdan ybarat topara girýär.
XS
SM
MD
LG