Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň paýtagty Kairde “Ýeňiş ýörişi” geçirilýär


Anna güni Kairde Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmeginiň şanyna köpçülikleýin “Ýeňiş ýörişi” geçirilýär.

Müsürde häkimiýet çalşanyna bir hepde geçenem bolsa durmuş kadaly ýagdaýdan daşda.

Kairiň köçelerinde tanklar dur, banklar öňküleri ýaly ýapyk, işçiler iş taşlaýarlar, mekdepler işlemeýär.

Ýurtda häkimiýet Ýokary harby geňeşiň elinde.

Jemgyýetçilik aktiwistleri generallardan syýasy tussaglary boşatmagy, howpsuzlyk boýunça adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmagy, tizden-tiz adalatly saýlawlar geçirmäge taýýarlanmagy talap edýärler.

Müsürde korrupsiýada aýyplanyp, öňki üç ministr tussag edildi. Şolaryň arasynda öňki içeri işleri ministri Habyb al-Adly hem bar.

Žurnalistler öňki ministrleriň tussag edilmegine Müsürde köşeşmeýän protestleri gowşatmaga wagtlaýyn hökümetiň synanyşygy hökmünde baha berýärler.
XS
SM
MD
LG