Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýniň paýtagtynda müňlerçe adam ýöriş geçirdi


Girizilen gadaganlyga garamazdan, anna güni Bahreýnde müňlerçe adam paýtagt Manamanyň merkezi Göwher meýdançasyna tarap ýöriş etdiler.

Ýurduň esgerleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulandylar we duýduryjy oklary howa atdylar.

Bu waka ozalky protestler basylyp ýatyrylan wagty ölen adamlaryň jaýlanyş üýşmeleňinden birnäçe sagat soň ýüze çykdy.

Penşenbe güni ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň paýtagt Manamanyň Göwher meýdançasynda protestçileri dargatmak üçin geçiren çäresinde dört adam ölüpdi. Şeýle-de 200 töweregi adama şikes ýetdi.

Protestçiler ýurtda giň gerimli syýasy reformalaryň geçirilmegini talap edýärler.

Bahreýniň ilatynyň aglaba bölegi, ýagny 70 prosente golaýy şaýy musulmanlary. Emma ýurdy azlykdaky sünni musulman monarhlary dolandyrýar.
XS
SM
MD
LG