Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada protestçiler “göni we gazaply” daralar


Anna güni Liwiýanyň Rewolýusiýa komiteti “bulagaýçylaryň” režime garşy amala aşyrjak bolýan hereketlerine garşy “göni we gazaply” çäreleriň görüljekdigini duýdurdy.

Bu baradaky beýanat ýurduň “Azzahf Al-Akhdar” gazetiniň Web saýtynda ýerleşdirildi.

Penşenbe güni ýurtda “Gahar-gazap güni” diýlip yglan edildi we hökümete garşy protestler geçirildi.

Ýurduň ýolbaşçysy Muammar Kaddafini goldaýanlar hem köçelere çykdylar.

Liwiýa 40 ýyla golaý wagt bäri baştutanlyk edip gelýän Kaddafiniň özi hem tarapdarlarynyň arasynda göründi.

“Human Rights Watch” guramasynyň berýän maglumatyna görä, bu protestlerde demonstrantlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň çaknyşmagy netijesinde azyndan 24 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG