Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairli türkmen: «Müsür halky dogrudunam öwgä mynasyp»


Ýollyýew: "Ozal Müsür Osman imperiýasynyň elinde boldy, soň harbylaryň elinde boldy, onsoň olar indi täze bir nyzam, täze bir düzgün-tertip isleýärler".
Ýollyýew: "Ozal Müsür Osman imperiýasynyň elinde boldy, soň harbylaryň elinde boldy, onsoň olar indi täze bir nyzam, täze bir düzgün-tertip isleýärler".
Müsürde 30 ýyllyk prezident Hosni Mubaregiň halk gozgalaňy netijesinde häkimiýetden gyrakladylmagyna ýakyndan şaýat bolan türkmenistanlylaryň biri Öwez Ýollyýew bu ýurtda 10 ýyldan gowrak bäri ýaşaýandygyny, arap dilini we dini bilimleri öwrenendigini aýdýar.

Ol Azatlyk Radiosynyň telefon arkaly beren soraglaryna Kairdäki öýünden jogap berdi. Söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Müsür halkynyň Hosni Mubaregiň dolandyryşyna garşy şeýle agzybir gozgalaňa turmagyna esasy näme sebäp boldy?

Öwez Ýollyew: Muňa, gysgaça aýtsam, prezident Hosni Mubaregiň diktatorluga ýüz urmagy, ýurtda korrupsiýanyň ösmegi we adam hukuklarynyň depgilenmegi sebäp boldy. Mundanam başga, soňky saýlawlarda parlament orunlarynyň 95 prosenti häkimiýet başyndaky «Watan» demokratik partiýasynyň agzalarynyň eline berildi. Hosni Mubaregiň ýene bir esasy ýalňyşy bolsa, ogluny häkimiýete getirmegi we ony öz ornuna prezident etjek bolmagy boldy.

Azatlyk Radiosy: Indi Müsürde demokratiýa, halk häkimiýeti ýeňip bilermi? Käbir pikirlere görä, Mubarek gitse-de, onuň dolandyryjy elitasy, harbylar saklanyp galýar. Ýa bu aladanyň jany ýokmy?

Öwez Ýollyýew: Juma güni adamlar häkimiýetiň halkyň ygtyýarna geçendigini bildirmek üçin ýörite demonstrasiýa çykdylar we söz azatlygy, din azatlygy ugrunda, öz hak-hukuklary ugrunda janyny pida eden şehitleriň hormatyna gül desselerini goýdular. Olar şonda Mubaregiň soňky galyndylarynyň hem häkimiýetden gitmegini talap etdiler. Bu talaplara ýaşlar hem goşulýar we adamlar häzir köçelerde, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa arassaçylyk işleri bilen meşgul. Şu zatlary görüp, men Müsürde demokratiki özgerişleriň başlanandygyny duýdum diýsem-de ýalňyş bolmaz. Şundan soň mende Müsür döwletiniň doly demokratiki döwlete öwrülip biljegine umydam, ynanjam bar.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaýa Mubaregiň tarapdarlary nähili garaýar? Olar häzir nähili pozisiýada durýar?

Öwez Ýollyýew: Mubaregiň tarapdary gozgalaňda-da az boldy. Şol günler Mubarek öz çykyşynda men halkyma hyzmat etdim, ýurt üçin söweşdim diýen ýaly sözleri aýtdy. Şondan soň biraz adam Mubaregi goldap, protestçilere garşy göreşe çykdy. Ýöne olara garşylyk görkezildi we edil häzir Mubaregiň hiç bir tarapdarynyň bardygy bildirmeýär.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, Tunisde hem Müsürde bolup geçen wakalar beýleki arap ýurtlaryna hem ýaýrap bilermi?

Öwez Ýollyýew: Elbetde, ýaýrap biler. Sebäbi bu zatlaryň hemmesi taryha girýär we taryhda galýar. Adamlar bu zatlary haçanam bolsa okaram, eşiderem. Onsoň şu wakalar demokratiýanyň beýleki ýurtlarda hem ýol almagyna täsir ýetirip biler. Sebäbi bu döwletleriň başyndaky adamlar uly diktatorlar, güýçli, hilegär diktatorlar hasaplanýardy. Olar howpsuzlyk, harby taýdan hemmetaraplaýyn ösen, güýçli hasaplanýardy. Emma olar şeýle ýagdaýda hem ýykyldylar. Olary halk ýykdy. Sebäbi halkyň tarapynda hak durýar, hak nirede bolsa ýeňjek eken.

Azatlyk Radiosy: Synçylaryň käbiri Mubarekden soň häkimiýetiň dini ekstremistleriň eline geçmeginiň ahmaldygyny, ýagny Eýranda şa agdarylandan soň bolan zatlaryň Müsürde hem gaýtalanmagynyň mümkindigini duýdurýar. Siz şeýle howpy görýärsiňizmi?

Öwez Ýollyýew: Ýok. Meniň düşünişim boýunça, müsür halkynyň öz aýdýan zatlaryndan çen tutup aýtsam, bärde Yslam jemagaty hereketi bar, ol syýasy jemgyýete öwrülen gurama. Emma Müsüriň hökümeti bu jemgyýeti entek saýlawlara gatnaşar ýaly derejede resmi taýdan kabul edenok. Ol dini partiýa hökmünde resmi taýdan hasaba alynman gelýär. Bu birinjiden. Ikinjiden, müsür halkynyň köp bölegi «bize esgeri nyzamam gerek däl, dini nyzamam gerek däl, medeni nyzam gerek» diýip, demonstrasiýada şeýle şygar astynda çykyş edýär. Şu nukdaý nazardan seretsek, halkyň köp bölegi dini düzgüni islänok. Sebäbi ozal Müsür Osman imperiýasynyň elinde boldy, soň harbylaryň elinde boldy, onsoň olar indi täze bir nyzam, täze bir düzgün-tertip isleýärler.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, Müsürde halkyň täze düzgüni döretmäge, täze demokratik jemgyýet gurmaga hyjuwy, tejribesi ýeterlik bolarmy?

Öwez Ýollyýew: Meniň pikirimçe, olaryň bu meseledäki hyjuwy, tejribesi ýeterlik. Sebäbi bu gezekki ýeňişden soň diňe halkyň özi öz islän adamlaryny saýlap biler we häkimiýetlere öz diýenini etdirer diýip pikir edýärin. Men olar açyk we adalatly saýlawlary geçirip biler öýdýärin. Olar şu ugurda göreşip biljek eken. Biz ozal Müsüriň halkyndan beýle zada garaşamzokdyk, emma müsür halky dogrudanam öwgä mynasyp halk eken.
XS
SM
MD
LG