Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Estoniýada 10 çaga heläk boldy, matam yglan edildi


Estoniýanyň günortasyndaky Haapsalu şäherinde çagalar öýünde bolan ýangynda 10 çaganyň heläk bolmagy zerarly şu gün ýurtda matam yglan edildi.

Estoniýanyň premýer-ministri nobatdan daşary hökümet maslahatyny şu güne çagyrdy, onda içeri we sosial işleri ministrleri hasabat bilen çykyş edýärler.

Jaý ýananda onuň içinde 37 çaganyň we 9 uly adamyň bolandygy habar berilýär. Olaryň köpüsini halas edijilere jaýdan alyp çykamak başartdy.

Ýangynda jaýa uly zyýan etdi. Fiziki taýdan şikesli çagalaryň çagalar öýünde ýaşandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG