Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan admiraly arap ýurtlaryna sapara başlady


ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň birleşen ştablar komitetiniň baştutany admiral Maýk Mallen arap ýurtlaryndaky köpçülikleýin tolgunyşyklara haýran galýandygyny aýtdy.

Mallen ýekşenbe güni Saud Arabystanyna geldi. Ol ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky soýuzdaş ýurtlaryna saparyna Saud Arabystanyndan başlaýar.

Admiralyň sözlerine görä, başda onuň bu sapardan maksady başga eken, indi esasy wezipe - regionda bolup geçýän wakalara göz ýetirmek we häzirki özgerýän ýagdaýda arap döwletleri bilen Waşingtonyň harby hyzmatdaşlygynyň perspektiwalaryny maslahatlaşmak.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG