Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda halkara futbol ýaryşy başlandy


Türkmenistanyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşy başlandy. Ilkinji oýnunlary ýekşenbe güni oýnalan bu ýaryş eýýäm hasap boýunça 17-nji gezek geçirilýär.

Ýaryşyň birinji tapgyrynda iki topara bölünen komandalar 8 topar bolup özara güýç synanyşarlar.

Her topardan iň gowy iki komanda ýarym finala çykar. Onda ýeňiş gazanan toparlar baş baýrak ugrunda bäsleşerler. Beýleki ýarym finalçylar bolsa bäsleşigiň bürünç medaly ugrunda güýç synanyşarlar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Bu futbol ýaryşynyň final oýny 28-nji fewralda Aşgabadyň “Olimpiýa” stadionunda geçiriler.

Oýunlaryň tertibi:

21-nji fewral (Olimpiýa stadiony)
14.00 “Şeksna” –“Merw”
17.00 Ýaryşyň dabaraly açylyşy
18.00 “Nebitçi”-“Regar-TadAZ”

22-nji fewral (Olimpiýa stadiony)
15.00 “Alatyn asyr” – “Ogab Gonbad”
18.00 “Gandazarsar” – “Anži”

23-nji fewral (“Abadan” stadiony)

15.00 “Regar-TadAZ” – “Şeksna”
18.00 “Nebitçi” – “Merw”

24-nji fewral (Olimpiýa stadiony)

15.00 “Ogab Gonbad” – “Gandzasar”
18.00 “Anži” – “Altyn asyr”

25-nji fewral (“Abadan” stadiony)
15.00 “Regar-TadAZ” – “Merw”
18.00 “Şeksna” – “Nebitçi”

26-nji fewral, 1/2 final (“Abadan” stadiony)
15.00 “A” toparynyň ýeňijisi – “B” toparynyň ikinji komandasy
18.00 “B” toparynyň ýeňijisi – “A” toparynyň ikinji komandasy

28-nji fewral (Olimpiýa stadiony)

14.00 3-nji ýer ugrundaky bäsleşik
17.00-da final oýny
XS
SM
MD
LG