Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Aşgabat» — täze telekanal


Hili pes gepleşikler tomaşaçylary barha we barha özünden daşlaşdyrýar. Netijede ilat köpçüligi çanak antennalary arkaly hemra telewideniýelerine tomaşa edýärler.
Hili pes gepleşikler tomaşaçylary barha we barha özünden daşlaşdyrýar. Netijede ilat köpçüligi çanak antennalary arkaly hemra telewideniýelerine tomaşa edýärler.
Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Aşgabat» telekanalyny döretmek baradaky karara gol çekdi.

Prezidentiň kararynda bellenilişi ýaly, täze telekanal Türkmen telewideniýesiniň habar beriş ulgamynyň işiniň täsirliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen döredilip, Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler barada taýýarlanylan gepleşikleri halka ýetirer.

Täze «Aşgabat» telekanaly 2011-nji ýylyň oktýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri berip ugrar.

«Aşgabat» 6-njy telekanal

Häzirki wagta çenli Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirligine jemi bäş sany telekanal degişli. Olar «Altyn asyr», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmenistan» hem-de «Türkmen owazy» telekanallarydyr. Täze dörediljek telekanal hasap boýunça altynjydyr.

Türkmen telekanallary tematiki taýdan bölünen-de bolsalar, olaryň efire berýän gepleşikleriniň köpüsi biri-birinden kän tapawutlanmaýar.
Türkmen telekanallary tematiki taýdan bölünen-de bolsalar, olaryň efire berýän gepleşikleriniň köpüsi biri-birinden kän tapawutlanmaýar. Hususan-da «Altyn asyr», «Ýaşlyk», «Miras» telekanallarynyň gepleşikleri biri-birini gaýtalaýar. Tankydy habarlar we gepleşikler bolsa efire berilmeýär.

Emma Türkmenistanda bolýan wakalary ýedi dilde daşary ýurda ýetirmek maksady bilen 2004-nji ýylyň ahyrynda döredilen «Türkmenistan» telekanaly özüniň taýýarlaýan gysgadan mazmunly gepleşikleri bilen beýleki telekanallardan düýpli tapawutlanýar.

Milli estrada aýdymçylaryň kliplerini görkezýän «Türkmen owazy» bolsa beýleki telekanallara garanyňda ilat arasynda iň köp seredilýänidir.

Welaýat telekanallary döredilermi?

Prezidentiň gol çeken kararynda aýratyn bellenilişi ýaly, täze dörediljek telekanal Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler barada gepleşikleri halka ýetirer. Beýle diýildigi, bu telekanal gönüden-göni diňe paýtagtyň ýaşaýyş-durmuşyndan söhbet açar.

Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirligine degişli telekanallarda ýeterlik ştat birliginiň bolmanlygy sebäpli, welaýatlarda habarçylaryň ýörite nokady saklanylmaýar. Diňe ýurduň baş telekanaly hasaplanylýan «Altyn asyr» telekanaly her welaýatda iki habarçy bilen iki operator saklamagy başarýar. Giden territoriýany eýeleýän welaýatlarda bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen efire ýetirmekde telekanaldan bölünip berlen habarçylardyr operatorlar kösençlik çekmeli bolýarlar.

«Ýaşlyk», «Miras» telekanallary bolsa welaýatlardan reportažlary taýýarlamak üçin merkezdäki redaktorlaryny komandirowka iberýärler.

SSSR döwründe Türkmen telewideniýesinden başga «Nebitdag» telewideniýesi hem bardy. Onuň taýýarlaýan gepleşikleri, esasan Balkan welaýatynyň çäklerindäki wakalary beýan ederdi. SSSR-iň dargamagy bilen, «Nebitdag» telewideniýesi ýatyryldy.

Hususy telekanallar dörärmi?

Döwlet tarapyndan ençeme serişdeler goýberilýän-de bolsa, türkmen telekanallaryna ilat arasynda az tomaşa edilýär. Media bolan berk gözegçilik hem-de gereginden artyk çäklendirmeler telewideniýede taýýarlanylýan gepleşikleriň hilini juda pese gaçyrýar. Hili pes gepleşikler bolsa tomaşaçylary barha we barha özünden daşlaşdyrýar. Netijede ilat köpçüligi çanak antennalary arkaly hemra telewideniýelerine tomaşa edýärler.

1993-nji ýylda döredilen «TMT-Sähra» kommersiýa telekanaly bary-ýogy ýekeje ýyl işlän döwründe tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. Telekanal gije sagat 19-00-dan başlap, ýary gijä çenli daşary ýurduň aýdymçylarynyň kliplerini, kinolaryny görkezerdi.

Telekanal tomaşaçylaryň efir arkaly gutlaglary üçin alýan serişdelerine hem-de reklamadan düşýän pullara özüni saklaýardy. Ýöne bu telekanal 1994-nji ýylda resmi taýdan sebäbi düşündirilmän ýatyryldy.

Häzirki wagtda hususy telekanallaryň açylmagyna rugsat berläýende-de olar döwlet tarapyndan media çäklendirmeler zerarly tomaşaçylaryň ünsüni özlerine çekip bilmezler, netijede bolsa, çykdajylaryny ödäp bilmezler diýen pikirler öňe sürülýär.

Ýurtda media azatlygynyň bolmazlygy, hususy telekanallaryň döremegine böwet bolup durýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG