Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafi gaçanlygy baradaky myş-myşlary ýalana çykardy


41 ýyl bäri Liwiýada häkimiýet başynda oturan Muammar Kaddafi döwlet telewideniesinde çykyş etdi. Ol Wenesuela gaçanlygy baradaky myş-myşlary ýalana çykardy hem

“Men Wenesuelada däl, Tripolide. Ygyp ýören itlere degişli telekanallara ynanmaň. Şäheriň merkezine ýygnanan ýaşlara aýtjak-goýjak zatlarym bar, olar bilen gije çenli oturdym, indem ýagyş ýagyp başlady, hudaýa şükür, bu gowulygyň alamaty” diýip, Kaddafi aýtdy.

Liwiýanyň paýtagty Tripolide duşenbe güni hökümet uçarlarynyň howadan uran zarbasynda ýüzlerçe protestçi heläk boldy.

Liwiýanyň iki harby uçarynyň Malta gonandygyny çeşmeler habar berýär. Uçary sürüjiler syýasy başpena soraýarlar. Olar howadan demonstrasiýaçylary oka tutmaga buýruk alandyklaryny tassyklaýarlar.

Ýene-de iki uçar häzir oppozisiýanyň kontrollygynda bolan Bengazi şäherine gondy.

Duşenbe güni Liwiýanyň diplomatik korpusynyň agzalary Muammar Kaddafini gan döküşligi bes etmäge we häkimiýetden çekilmäge çagyrdylar.

Döwlet telewideniýesinde çykyş edip, Muammar Kaddafiniň ogly Seýf al-Yslam gandöküşlik baradaky informasiýany inkär etdi. Onuň sözlerine görä, Liwiýanyň uçarlary paýtagt Tripolide demonstrasiýaçylary oka tutmandyr.

Köpçülikleýin çykyşlara gatnaşýanlar bilen bagly repressiýalara protest hökmünde adalat ministriniň, başga-da ençeme liwiýa çinownikleriniň we diplomatlarynyň wezipelerini terk edendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG