Moskwanyň eteklerindäki şäherlerde bikanun humar oýun biznesi bilen bagly gozgalan iş boýunça dört adama kezzaplykda günä bildirildi.
Bu barasynda Orsýetiň Derňew komitetiniň regional edarasyna salgylanyp, “Interfaks” agentligi habar berýär.
Jenaýatda aýyplanýanlaryň arasynda gizlin humarhana setini döretmekde güman edilýän Iwan Nazarow hem bar.
Şu iş boýunça jemi tussag edilen alty adam. Olaryň üçüsi kanun goraýjy organlaryň işgärleri.
Derňew gidýändigi üçin Moskwa oblastynyň prokurory Aleksandr Mohow wezipesinden çetleşdirildi.
Duşenbe güni Moskwada geçirilen maslahatda çykyş edip, Orsyetiň prezidenti Dmitriý Medwedew: “Günäkärler nähili wezipe eýeleýändigine garamazdan jezasyny çeker” diýdi.