Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bahreýndäki giň gerimli protestler dowam edýär


Sişenbe güni onlarça müň bahreýnliler paýtagt Manamanyň köçelerine çykdylar. Giň gerimli protestlerde demonstrantlar hökümetiň iş başyndan gitmegini talap edýärler.

Mundan öň Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa al-Halifa ýurtdaky syýasy tussaglary azatlyga goýbermegi karar edipdi.

Ýöne, muňa garamazdan, protestçiler paýtagt Manamanyň merkezi Göwher meýdançasynda ýygnandylar.

Bahreýniň ilatynyň aglaba bölegi şaýy musulmanlary bolsa-da, ýurdy azlykdaky sünni monarhiýasy dolandyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG