Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatyň tankydy pikir etmek ukyby we demokratiýa


Akademik Marta Nussbaum: "Adam sebäpleri analiz edip, delilleriň gowusyny erbedinden tapawutlandyrmagy başarmaly.
Akademik Marta Nussbaum: "Adam sebäpleri analiz edip, delilleriň gowusyny erbedinden tapawutlandyrmagy başarmaly.
Akademik Marta Nussbaumyň pikirine görä, bütin dünýäde ýaşlar demokratik jemgyýetde ýaşamak we özleri üçin möhüm meseleleriň nukdaýnazaryndan hereket edip biljek hökümetleri saýlamak mümkinçiligini almaga mynasyp. Emma munuň üçin raýatlaryň ýeterlik derejede bilimli bolmagy zerur.

Çikago Uniwersitetiniň kanun we ahlak meseleleri boýunça professory we “Deňeşdiriji konstitusionalizm merkezini” esaslandyryjy Marta Nussbaum 2010-njy ýylda çapdan çykan “Not for Profit” atly kitabynda şeýle pikirleri öňe sürýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Robert Koalson amerikaly pelsepeçi, ‘Foreign Policy” žurnaly tarapyndan düzülen 2010-njy ýyl boýunça global pikir ýöredijileriň ilkinji 100-liginiň sanawyna girýän Marta Nussbaum bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz üstünlikli we uzak möhletli demokratiýanyň ilatyň belli bir bilim derejesine, ýagny olara berilýän bilime baglydygyny aýdýarsyňyz. Siz şol bilim nämä gönükdirilmeli diýip, pikir edýärsiňiz we bu ugurda mekdep nähili rol oýnap biler?

Akademik Marta Nussbaum
Marta Nussbaum:
Dogry. Men üç meseläni göz öňünde tutýaryn. Birinjiden, men adamyň Günbataryň tejribelerinde Sokrat bilen baglaşdyrylýan ukyplarynda durup geçmekçi – bu döreýän meseleler barada çynlakaý we tankydy pikir etmek ukybydyr. Adam sebäpleri analiz edip, delilleriň gowusyny erbedinden tapawutlandyrmagy başarmaly. Bu örän wajyp, sebäbi adamlaryň häkimiýet bilen ylalaşmaga, şeýle-de moda we basyşlara boýun bolmaga örän meýillidigine göz ýetirdik. Şeýlelikde ilatyň tankydy göz bilen garamaga ukyby demokratiýany janlandyrmak üçin ýeke-tak mümkinçilik bolup durýar. Bu, elbetde, her bir adama mahsus ukypdyr we ony çagalarda ýaşlykdan terbiýelemek mümkin.

Ikinji mesele adamyň tutuş dünýäniň raýaty hökmünde pikir etmäge ukybyna degişli. Biziň ählimiz dar garaýyşlar bilen tapawutlanýarys. Biz bolsa adamzadyň dürli toparlara, azlyklara we köplüklere bölünýänligi barada pikir edip, meselelere ýurtlaryň araçäklerinden daşary garamagyň zerurlygyna düşünmeli. Meselem, bilelikdäki kararlary talap edýän töwerek-daşy goramak we dünýä ykdysadyýetini dolandyrmak ýaly meseleler dürli ýurtlardan bolan köp adamlary ylalaşdyrýar.

Meniň pikirimçe, üçünji mesele hem eýýäm agzalan iki meselä ýakyn durýar. Men muny hyýalyňda takyk göz öňüne getirmek ukyby atlandyrýaryn. Bu ukyp, adamyň özüni başga biriniň ornunda goýup, meselä onuň gözünden garamaga ukybyny aňladýar. Edebiýat bilen sungat hem adamyň şeýle ukyplaryny ösdürmek boýunça esasy ugurlar bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Hökümetler, hatda günbatar demokratiýalary-da siziň öňe sürýän ukyplaryňyza eýe adamlaryň bolmagyny islemezler diýip, aýtjaklar tapylar. Hökümetleriň iş ýüzünde şeýle ukyplaryň ornaşmagyna razy boljagyna näderejede garaşmak mümkin?


Marta Nussbaum: Meniň pikirimçe, ilatyň şeýle ukyplara eýe bolmagyny düýpden islemeýän hökümetleriň hem munuň biznes ugrundan öňegidişlik üçin zerurdygyna göz ýetirýänligi meseläniň gyzykly tarapy bolup durýar.

Singapurda we Hytaýda soňky 5 ýylyň dowamynda köpçülikleýin bilim reformasy amala aşyryldy, sebäbi bu ýurtlaryň ikisi-de biznes medeniýetlerinde gözýetimiň we tankydy pikirleriň ýetmezçilik edýänligine göz ýetirdiler. Adamlaryň beýlekilere ýakmajak söz aýtmaga ýa tankydy çykyş etmäge islegsizligi örän korrumpirlenen biznes medeniýetiniň döremegine getirýär.

Azatlyk Radiosy: Biziň radiogepleşiklerimiziň efire berilýän ýurtlarynyň köpüsinde prawoslaw hristian ýa yslam dinleriniň güýçli täsiri bar. Bu ýurtlarda siziň öňe sürýän bilim modeliňize, olaryň köneden gelýän öz medeni we jemgyýetçilik gymmatlyklaryna howp hökmünde garalmazmy?

Marta Nussbaum: Elbetde, men diňe öz tejribäme esaslanyp aýdyp biljek. Meselem, ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan musulman ilatly Hindistanda şeýle ideýalar makul tapylýar we aýallaryň ygtyýarly we bilimli bolmagy musulmanlaryň we hindi dinine uýýanlaryň arasynda ileri tutulýar. Bu Indoneziýa hem mahsus. Şeýle ýagdaýyň Saud Arabystanyna hem mahsusdygyny aýdyp bolmasa-da, biz dünýäniň özgerýänligini görýäris. Ýakyn Gündogarda häzirki bolup geçýän wakalar adamlaryň demokratik azatlyklary talap etmekde öňe näderejede ymtylyşa taýýardygyny görkezer.
XS
SM
MD
LG