Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazow Kaddafiden nähili täsir aldy?


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow

Liwiýadaky gan döküşikli çaknyşyklar, häkimiýetleriň halka garşy ýaragly güýçleri ulanmagy dünýä jemgyýetçiligini alada goýýar.

Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew bu döwletiň başynda 40 ýyllap oturan Muammar Kaddafiniň Türkmenistanyň ozalky ýolbaşçysy Saparmyrat Nyýazowa käbir täsiriniň bolandygyny belleýär. Ol 1990-njy ýyllaryň başlarynda Saparmyrat Nyýazow bilen üç ýyla golaý bile işleşipdi.

Azatlyk Radiosy bu barada Aşyrguly Baýryýew bilen gürrüňdeş boldy. Ol söhbetdeşlige Aşgabatdan telefon arkaly gatnaşdy.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly aga, Nyýazow Kaddafi bilen duşuşmasa, Liwiýada bolup görmese, ondan nähili täsir, görelde alyp bildikä? Şuny aýdyňlaşdyraýsaňyz?!

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew:
Täsir almak üçin şahsy gatnaşygyň bolmagy hökman däl. Syýasy, döwlet, jemgyýetçilik işgärleriniň we beýlekileriň başga adamlardan gaýybana täsir, görelde alyp bilýändiklerini adamzat taryhy görkezip gelýär. Nyýazowyň Liwiýanyň ýolbaşçysyndan täsirlenmegi geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda başlandy diýip aýtsak ýalňyş bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin, muny şol döwür bilen baglajak bolýarsyňyz? Oňa anyk deliliňiz barmy?

Aşyrguly Baýryýew: Bar, ýagny 1989-njy ýylda Moskwada Muammar Kaddafiniň “Зеленая книга” taglymat eseri rus dilinde neşir edildi. Bu kitabyň näçe tiražda çap edilendigi çykgydynda görkezilmändir, ýöne mäňa mälim bolşuna görä, çünki şol wagtlar partiýanyň merkezi komitetiniň metbugat bölüminde işlemek bilen, kitap söwdasyna-da gözegçilik etmek wezipäme girýärdi, Kaddafiniň şol kitabynyň on müňlerçesi Nyýazowyň tabşyrygy bilen ýurdumyza getirilip, satuwda, ýygnaklarda mugtam paýlanyldy.

Azatlyk Radiosy: Siz täsir hakyndaky pikiriňizi şol kitap bilen baglanyşdyrjak bolýarsyňyz-da?


Aşyrguly Baýryýew:
Hawa, hut şeýle. Kaddafiniň üçünji bütindünýä teoriýasyny esaslandyrmaga dalaş edýän kitaby Türkmenistanda 1992-nji ýylda, üns beriň, Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwrüniň täze konstitusiýasynyň kabul edilen ýylynda türkmen dilinde 5 müň ekzemplýarda, “Gök kitap” diýen at bilen çap edildi. Terjime edenler ýazyjy Atajan Tagan bilen Orazgylyç Orazmämmedow. Ýalňyşmaýan bolsam, ikinji terjimeçi Türkmenistanyň Moskwadaky wekilhanasynyň, soňra ilçihanasynyň işgäri bolmaly. Kitabyň ady, meniň pikirimçe, “gök” däl-de, “Ýaşyl kitap” diýlip alnan bolsa, dogry bolardy. Ýöne gep munda däl.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, Nyýazowyň täsirlenmesi anyk nämeden ybarat? Şol kitabyň haýsy pikiri, ideýasy oňa nämede çelgi boldy diýip hasaplaýarsyňyz?

Aşyrguly Baýryýew:
Şol wagtlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna Mejlisiň bardygyna garamazdan, Halk maslahaty kanun çykaryjy iň ýokary wekilçilikl organ hökmünde girizildi. Onuň nireden gelip çykandygyny şu wagta çenli bilýänem, çaklaýanam ýok. Ýöne Kaddafiniň kitaby bilen tanşan Nyýazowyň ünsüni onuň halk kongreslerine we halk komitetlerine dahylly pikirleriniň çekendigine şübhelenmese bolar. Şeýlelikde Halk maslahatyny halk demokratiýasyny ornaşdyrmagyň nusgasy hökmünde Kaddafiden täsir alyp döredendigini nygtamak mümkin.
XS
SM
MD
LG