Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada şu ýylky ilkinji iş taşlaýyş geçirilýär


Şu gün Gresiýada üstümizdäki ýylda ilkinji iş taşlaýyş geçirilýär.

Aeroportlaryň, köp sanly dükanlaryň we beýleki hyzmat ediş kärhanalarynyň işi togtaýar.

Iş taşlaýyşlar ýurduň uly birnäçe profsoýuz guramalary tarapyndan gurnaldy, ol hökümetiň berk ykdysady çäreleriniň garşysyna gönükdirilýär.

Maliýe düzgünini pugtalandyrmak - geçen ýyl Ýewrobileleşik we Halkara walýuta fondy tarapyndan krizise garşy berlen 100 milliard ýewrolyk kömegiň şertidi.

Gresiýada geçen ýyl hem onlarça iş taşlaýyşlar we beýleki köpçülikleýin aksiýalar bolupdy.
XS
SM
MD
LG