Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryh, millet we halk


Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň gadymy siwilizasiýalaryň biri bolandygy türkmenleriň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça geçirilen düýpli barlag işleri arkaly anyklanypdyr.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň gadymy siwilizasiýalaryň biri bolandygy türkmenleriň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça geçirilen düýpli barlag işleri arkaly anyklanypdyr.
Aşgabatda “Türkmen halkynyň gelip çykyşy we dünýä medeniýetiniň taryhy” ady bilen halkara konferensiýasy geçirilýär. 23-24-nji fewral günlerinde geçirilýän bu maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän Milli golýazmalar institutynyň howandarlygynda gurnaldy.

Halkara konferenisýasyna dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň bilermenleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda forumda aýratyn hem türkmen alymlarynyň ylmy işleriniň ünsi özüne çekýänligi nygtalýar.

“Günbataryň iň gadymy etnoslarynyň biri bolan türkmenler we olaryň uruglary adamzadyň maddy we ruhy medeniýetinde ägirt uly roý oýnady” diýip, ýurduň resmi maglumatlarynda bellenýär.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň gadymy siwilizasiýalaryň biri bolandygy türkmenleriň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça geçirilen düýpli barlag işleri arkaly anyklanypdyr. Bu barada Moskwanyň entologlar we atropologlar assosiasiýasynyň agzasy Sergeý Polýakow aýdýar.

Taryhy hakykat

Türkmenleriň gelip çykyşy boýunça ylmy kitaplaryň we işleriň awtory, taryh ylymlarynyň doktory Sergeý Polýakow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda öňe sürülýän taryhyň gapma-garşylykly taraplarynyň barygyna hem ünsi çekdi.

Polýakowyň sözlerine görä, bu meseläniň gozgalmagyna türkmen häkimiýetleri böwet salyp gelýärler: “Halkara duşuşyk ýurtda ylmyň bardygyny we ýurtda resmi derejede öňe sürülýän taryhyň hakykydygyny, şübheli meseleleriň bolsa ýokdugyny görkezmek üçin geçirilýär”.

Sergeý Polýakow türkmen hökümetiniň öňe sürýän taryhy faktlaryna şübhe bildirip biljek we öz tapawutly garaýyşlaryny delillendirip biljek alymlaryň Türkmenistanda geçirilýän çärelere çagyrylmaýanlygyny belledi. Ol türkmen hökümeti iş ýüzünde ylmyň ösüşine gyzyklanma bildirmeýär diýen pikirde.

“Täze gelen ýolbaşçy hakykatdan hem öz ýurduny ösdürmek isleýän bolsa, ol öz ýurdunyň beýleki ýurtlar bilen giň gerimli ylmy gatnaşyklaryny ýola goýup başlaýar. Emma Türkmenistanyň bu ugurdan edýän çynlakaý ädimleri gözüme ilenok” diýip, alym Polýakow aýdýar.

Taryhçy alym soňky ýyllarda Türkmenistanda ylmyň ösüşi barada köp aýdylýan hem bolsa, ýurtda alnyp barylýan işler baradaky maglumatlaryň daşary ýurtly alymlar üçin elýeterli däldigini, ýurduň ylmy institutlarynyň Orsýetiň ylmy jemgyýetçiligi bilen hem işleşmeýänligini belledi.

Milletiň ösüşi

Türkmenleriň gadymy geçmişine buýsanmak we onuň adamzat üçin ähmiýetini nygtamak tendensiýasy Türkmenistanda köpden bäri dowam edip gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda halkyň we milletiň ösüşi, şol sanda medeni ösüşi üçin mümkinçilikler örän çäkli bolmagynda galýar.

“Niýazow döwri bilen deňeşdirilende belli bir özgerişlikler boldy. Emma olar kosmetiki. Häzir halk aýdymlary aýdylsa-da, radioda we telewideniýede klassikleriň diňe söýgi baradaky eserleri efire berilýär. Sosial temadan goşgular berilmeýär” diýip, türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew aýdýar.

Özbegistanly taryhçy Umyt Babamatow bolsa milletiň taryhyna buýsanmagyň häkimiýetleriň halkyň beýik bolmagyny islemeginiň alamaty hökmünde garamaýar: “Ýolbaşçylar milletiň saýlananlygyny nygtamak bilen, halkyň diňe hökümetiniň daşynda birleşmegini gazanmak işleýär”.

Babamatow şeýle syýasatyň halkyň milletçilik duýgularyny tutaşdyrmak ýaly netijelere hem getirýänligini belleýär. Onuň pikirine görä, halkyň beýik bolmagyna itergi berýän güýç intelligensiýa bolup durýar, emma intelligensiýa ähli döwürlerde-de diktaturalaryň esasy baş agyrysy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG