Saud Arabystanynyň patyşasy Abdylla çinowniklere sosial tölegleriň ýokarlandyrylandygyny, döwlet gullukçylarynyň aýlyk haklarynyň galdyrylandygyny, ýaşaýyş jaý kredit programmasyny maliýeleşdirmegiň artdyrylandygyny yglan etdi.
Ol şeýle-de tussagda oturan birnäçe adamy aklady we hökümetde kadr çalşygyny geçirmegi wada berdi.
Patyşa Abdylla nähoşlugy sebäpli üç aýdan soň ýurduna gaýdyp geldi. Şol döwür hem regiony köpçülikleýin tolgunyşyklar gaplap aldy.
Abdylla Saud Arabystanyna gelen badyna bir hepde bäri hökümete garşy çykyşlaryň köşeşmeýän ýurdy - Bahreýniň patyşasy bilen gepleşikler geçirdi.