Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky ýol heläkçiliginde azyndan 8 adam öldi


Wakada “Türkmenmallary” assosiýasiýasynyň edara jaýyna hem zeper ýetdi, 24-nji fewral.
Wakada “Türkmenmallary” assosiýasiýasynyň edara jaýyna hem zeper ýetdi, 24-nji fewral.
Şu gün sagat 12.00 töwereklerinde Aşgabadyň Görogly köçesi bilen Bekrewä gidýän ýoluň çatrygynda, “Türkmenmallary” assosiýasiýasynyň edara jaýynyň ýanynda ýol heläkçiligi boldy.

Hytaýda öndürilen “Howo” kysymly ýük maşyny 42-nji marşrut boýunça gatnaýan jemgyýetçilik awtobusy bilen çakyşypdyr. Soňra bolsa başga bir “Howo” ýük maşyny bilen “Opel” kysymly ýeňil maşyn çakyşan ulaglary süsüpdir. 1-nji marşurt trolleýbusyna bolsa zeper ýetdi diýlip, habar berilýär.

Şol ýerde arassaçylyk işlerini geçirýän ýol gurluşykçylarynyň aýtmagyna görä, ýol heläkçiliginde 8 adam aradan çykypdyr. Emma jebir çekenleriniň käbiriniň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, heläk bolanlaryň sany ondan kän.

Ýogalanlaryň arasynda bir çaga hem bar.

Ýol heläkçiliginde ýaralananlar häzir paýtagtyň Gyzyl haç keselhanasyna, Trawmatologiýa merkezine, Semaşko keselhanasyna we Demir ýol keselhanasyna ýerleşdirildi. Gyzyl haç keselhanasynda dört adamyň reanimasiýada ýatandygy habar berilýär.

Wakada “Türkmenmallary” assosiýasiýasynyň edara jaýyna hem zeper ýetdi.

Bu heläkçilik barada ýerli media entek habar bermedi.
XS
SM
MD
LG