Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýadan 100 müň adam goňşy ýurtlara gaçdy


BMG-niň bosgunlar boýunça edarasy ýekşenbe güni geçen hepdäniň gozaglaňy wagtynda ýüz müň çemesi daşary ýurtly işçiniň Liwiýadan goňşy ýurtlara gaçyp çykandygyny aýtdy.

BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissarlygy ýüz müň çemesi bosguna kömek etmek üçin tunis we müsür häkimiýetleri, şol sanda jemgyýetçilik guramalary bilen işleşýändigini aýdýar.

Bosgunlar edarasy Liwiýadan gaçyp çykanlaryň köpüsiniň müsürli we tunisli işçilerdigini, ýöne olaryň arasynda 4,600 liwiýalynyň hem bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG