“The Wall Street Journal” gazetiniň blogunda geljekde gozgalaň turaýmagy mümkin hasaplanýan ýurtlaryň sanawy çap edildi. Alen Mattiç tarapyndan ýazylan bu blogda halk nägilelikleriniň netijesinde gozgalaňyň bolaýmagy mümkin hasaplanýan ýurtlaryň reýtingi düzülipdir.
Bu blog ylmy-barlaglaryň netijesine esaslanyp ýazylan makala däl, ölçeg metodikasy hem ýönekeý. Muny ýazmak üçin ekonometriki iş hem geçirilmändir. Bu barada awtoryň özi hem ýazýar.
Bu reýting düzülende gozgalaňyň bolaýmagy mümkin hasaplanýan ýurtlardaky sosial deňsizlikler, rewolýusiýa bolan ymtylyşlar, şeýle hem maşgalanyň iýmite sarp edýän gündelik çykdajylary göz öňünde tutulypdyr.
Sosial deňsizlikleriň ölçegi üç sany hasabata esaslanýar. Olaryň birinjisi “Transparency International” guramasynyň korrupsiýa boýunça maglumatlary – bir ýurtda korrupsiýa näçe ösen bolsa, deňsizlik hem şonça uly bolýar. Ulanylan ikinji hasabat BMG-niň Ösüş programmasynyň Adamzadyň ösüşi boýunça indeksi. Üçünjisi bolsa GINI Indeksi, ýagny bir ýurtda baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawut.
Rewolýusiýa bolan ymtylyşlary ölçemek üçin göz öňünde tutulýan ýurtlaryň ilatynyň ortaça ýaşyndan, şol ýurtlardaky işsizlik derejesinden we Umumy içerki önümiň (GDP) adam başyna düşýän paýyndan ugur alnypdyr.
Bloguň awtory maşgalanyň iýmite sarp edýän gündelik çykdajylaryny hasaplamak üçin ABŞ-nyň Azyk we Medisina administrasiýasynyň 2008-nji ýyldaky hasaplamalaryndan peýdalanypdyr.
Reýtingiň başynda 100 indeks bilen Keniýa dur. Türkmenistan bolsa 71,3 indeks bilen 19-njy orunda dur. Jemi bu reýtingde 85 döwletiň ady getirilýär.
Türkmenistanyň orny hakykata laýykmy?
Bloga ýazylan teswirlerden çen tutulsa, awtor okyjylaryň gaty gaharyny getirene meňzeýär. Biri Ermenistan, Täjigistan nirede diýip sorasa, beýleksi bu sanawda Kenýa näme işleýär diýip geňirgenýär. Arasynda: "Awtor diňe pikirini aýtdy ahyryn, näme üçin gaharlanýaňyz ýa-da sögünýäňiz. Näme üçin adam ýaly sorag berip, öz delillerimizi getirip bilemzok" diýýän hem bar.
Eýsem-de bolsa, gozgalaň turaýmagy mümkin hasaplanýan ýurtlaryň sanawynda 85 döwletiň içinde Türkmenistanyň 19-njy orunda goýulmagy hakykata nä derejede laýyk gelýär? Türkmenistanda, dogrudan hem, närazyçylykly protest aksiýalarynyň bolaýmak ähtimallygy şeýle ýokarymyka?
Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden çen tutsaň-a bu reýting düýbünden hakykata laýyk gelmeýär. Emma ýurduň içindäki ýagdaýa has düýplüräk nazar aýlasaň, onda “The Wall Street Journal” gazetiniň blogunda çap edilen bu reýting bilen azda-kände ylalaşasyň gelýär.
Adamlar bilen içginräk gürleşeniňde soňky iki-üç ýylyň içinde Türkmenistanda halkyň arasyndaky närazyçylygyň has-da möwç alýandygyny duýsa bolýar. Korrupsiýa, işsizlik, ýaşlaryň ýokary bilim almakdaky kösençligi, jaýlaryň bahasynyň çenden çykmagy türkmenistanlylaryň gahar-gazabyny barha artdyrýar.
Korrupsiýanyň ýurduň ähli ulgamlaryny öz kerebine çolap alandygy zerarly, Türkmenistanda islendik bir işi para-peşgeş bilen amala aşyrmaly bolýar.
Ýigrimi ýyl bäri obalarda mellek ýerleriniň paýlanyp berilmezligi, şäher ýerlerinde ilata jaý almaga ýeňil şertleriň döredilmezligi, munuň üstesine, paýtagtda alnyp barylýan gurluşyklar zerarly, adamlaryň öýleriniň yzygiderli ýykylyp durulmagy halk köpçüliginiň sabyr käsesini gitdigiçe püre-pürleýär.
Türkmenistanda sosial deňsizligi ýaşlar has-da agyr çekýärler. Mekdepleri tamamlanlaryndan soňra, olara bilimlerini ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden dowam etdirmekleri üçin şertiň bolmazlygy ýaşlaryň kalbynda närazyçylygyň möwç almagyna sebäp bolýar.
Elbetde, Türkmenistanyň ilatynyň 100 göterimi jaýdan kösenýär, ýokary bilim alyp bilmeýär, işsizlikden kösenýär diýip aýdyp bolmaz. Olaryň içinde ýokary amatlyklary bolan jaýlarda ýaşaýanlar-da bar, çagalarynyň ählisini ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okadyp, ýokary aýlykly işlerde işläp ýörenler-de bar. Emma muňa garamazdan, olaryň hem aglabasynyň ýurtda alnyp barylýan syýasatdan içleri tütün alýar.
Günüň-güni geçirilýän çäreler ähli şertleri gowy bolan ilatyň hem gahar-gazabyny artdyrýar. Gyşyň garly günlerinde, tomsuň jöwzaly günlerinde dynç günleri çäreden-çärä gatnamakdan olar halys bizar bolýarlar.
Baýramçylyklar mynasybetli ýurtda geçirilýän çäreleriň hetdi bar-da, hasaby ýok. 3-4 sagatlap dowam edýän çärelerde mejalsyz halda çaşýanlar hem bar. Çärelere barmaýandyklary üçin işinden boşadylýanlar hem bar. Şonuň üçin türkmenistanlylar çäreler babatda ýurtda alnyp barylýan syýasatdan gaty närazy bolýarlar.
Ýagdaýy diňe “The Wall Street Journal” bilýärmikä?
Bu närazylyklar netijesinde Türkmenistanyň ilatynyň birden çogup, köçä çykaýmak mümkinçiliginiň bardygyna diňe bir “The Wall Street Journal” däl, eýsem, ýurduň hökümet başynda oturanlar hem gaty oňat düşünýärler. Olar ýurtdaky korrupsiýanyň, işsizligiň, jaý ýykylmalaryň, gerekmejek çärelere ilatyň zorluk bilen sürülmeleriň öňüni almak barada degerli işleri alyp barman, eýsem ters tarapdan çemeleşip, ýagdaýy beter çylşyrymlaşdyrýarlar.
Çäreleriň azaldylmagynyň deregine, çärelere barmakdan ýüz öwren adamlar işden kowulýarlar. Jaýsyz kösenýän maşgalalara jaý almakda ýeňillikler döredilmän, gaýta olaryň bar bolanja jaýlary gurluşyklar zerarly ýykylýar. Ýurduň ýokary okuw mekdebinde bilim almaga mümkinçiligi bolman, daşary ýurda öz hasabyna giden ýaşlar gysyş astyna alynýar.
Berk kontrollykda saklanýan media arkaly bolsa, halkyň närazyçylyk bildirýän zatlary ýagşy zat hökmünde propagandirlenýär. Ýurduň içindäki hakykaty beýan edýän daşary ýurt Internet habar beriş serişdelerine bolsa yzygiderli gadagançylyk girizilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda birnäçe saýtlar bloklandy. Bloklanýan saýtlaryň sanawy gün geldigiçe artmak bilen. Aslynda habar beriş serişdelerine aýdylýanlar ýalan ýa nädogry bolsa, ilat köpüçliginiň özi baha berýär. Adamlarda akyl bar. Häkimiýetler saýtlary bloklamak bilen ünsi hasam özlerine çekýärler, müýnli görünýärler. Belki-de aýdylýanlary belli bir derejede tassyklaýarlar...
Şeýle hereketleri etmek bilen hökümet başynda oturanlar ilatyň gözüni baglaýandyrlar öýdüp pikir öwürýän bolmaklary mümkin. Emma halkyň kalbyndaky närazyçylyklary ýok edýändirin öýdüp pikir edýän bolsalar, onda olar gaty nädogry pikir edýärler.
Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.