Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda 11 adam ölüm jezasyna höküm edildi


Sişenbe güni Hindistanyň sudy ýolagçy otlusyny ýakmakda aýyplanýan 11 adamy ölüm jezasyna höküm etdi.

Azyndan 59 adamyň ölmegine sebäp bolan ol hüjüm bilen bagly başga-da 20 adama ömürlik türme tussaglygy berildi.

2002-nji ýylda Hindistanyň Gujarat ştatynda ýolagçy otlusyna hüjüm edilmegi we onuň oda berilmegi, ýurtda amala aşyrlan iň ýowuz dini gazaplylyk hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu otluda mukaddes Aýodhýa şäherinden gelýän hindi ybadatçylary bardy.

Sişenbe güni Ahmedabad şäheriniň sudunda bu hüjümde günäli tapylan 31 adamyň ählisi-de musulmanlardyr.

Şol otlynyň ýakylmagy Gujarat ştatynda dini çaknyşyklara meçew beripdi. Şol çaknyşyklarda azyndan 1,200 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG