Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň öňki premýeri Nejmetdin Erbakan jaýlandy


Sişenbe güni onlarça müň adam Nejmetdin Erbakanyň jaýlanyş çäresine gatnaşmak üçin Stambulda ýygnandylar.

Nejmetdin Erbakan Türkiýäiniň ozalky premýer-ministri we yslamçy syýasatçysy bolupdy.

84 ýaşyndaky Erbakan ýekşenbe güni ýürek agrysyndan öldi.

Erbakan Türkiýäni bir ýyl çemesi, 1997-nji ýyla çenli dolandyrypdy.

Ýurduň dünýewi garýyşly harbylary Erbakany jemgyýetçilik durmuşyna Yslam häsiýetlerini bermeginden we onuň Eýran, Liwiýa ýaly yslam döwletlerine ýakyn etmeginden howatyrlanyp, ony häkimiýetden gitmäge mejbur edipdiler .

Jaýlanyş üýşmeleňine Erbakanyň öňki şägirtleri bolan ýurduň prezident Abdylla Gül we premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan hem gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG