Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝUNESKO Liwiýa bilen hyzmatdaşlyklaryny togtadýar


ÝUNESKO gozagalaň turan Liwiýa bilen «liwiýa halkynyň hukuklary doly hormatlanýança» ähli hyzmatdaşlygyny togtatdy.

Medeni guramanyň beýanatynda bu karara BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy fewralda kabul eden rezolýusiýasyndan soň gelnendigi aýdylýar.

Ol rezolýusiýa Liwiýada gozgalaňçylar bilen Kaddafä wepaly güýçleriň arasynda bolan söweş mahalynda adam hukuklarynyň gödek depelenmegini ýazgarypdy.

Beýanatda Liwiýa bilen hyzmatdaşlygyň diňe liwiýa halkynyň hukuklary hormatlanan ýagdaýynda dikeldiljegi bellenýär.
XS
SM
MD
LG