Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 3-nji aprelde geçjek prezident saýlawlarynda bäsleşjek dört kandidatyň resmi hasaba alnandygyny habar berdi.
Iş başyndaky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň, Gazagystanyň Kommunist halk partiýasyndan Žambyl Ahmetbekowyň, Gazagystanyň Watançylar partiýasyndan Gani Kasymowyň we garaşsyz kandidat, tebigaty goraýjy Mels Eleuzizowyň 1-nji aprele çenli kampaniýa geçirmäge wagty bar.
Aslynda prezidentlik ugrundaky bäsleşige 22 adam gatnaşmakçy boldy, emma olaryň 11-si hökmany dil bilmek ekzameninden geçip bilmedi, beýleki 7 adam bolsa başga talaplary ödemeýänligi üçin hasaba alynmady.