Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdadyň şäher häkimi işden çekilmek üçin arza berdi


Bagdadyň şäher häkimi Saber Issawi ýurt boýunça ýerli resmileriň korrupsiýa aýyplamalary esasynda işden gitmegini talap edip geçirilýän protestlerden soň işden çekilmek üçin arza berdi.

Ol geçen annadaky «Gahar güni» protestlerinden bäri işden çekilen üçünji häkimdir. Ondan öň Basra hem al-Hilla şäherleriniň häkimleri işden çekildi.

Geçen annada protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 18 adam ölüp, 140-dan gowrak adam ýaralandy.

Bu annada hem protestler dowam etdirilmekçi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG