Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG türk polisiýasynyň žurnalistlere basyşyny ýazgarýar


ÝHHG-niň metbugat gözegçiligi Türkiýede dawaly döwlet agdarylyşygy derňewiniň çäginde birnäçe žurnalistiň tussag edilmegini ýazgardy we olaryň derhal azat edilmegine çagyrdy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat wekili Dunýa Miýatowiç ÝHHG «türk häkimiýetlerini žurnalistleri gorkuzmagy we olara haýbat atmagy bes etmäge» çagyrýar diýdi.

Ol tussag edilen žurnalistler «derhal hiç bir şertsiz azat edilmeli» diýdi.

Türk polisiýasy penşenbe güni tussag etmek karary bilen 11 adamyň öýüne reýd geçirdi, olaryň köpüsi žurnalistlerdi we birnäçe reportýor tussag edildi.
XS
SM
MD
LG