Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şol gün aglan eneler


 Tiran Stalin ölen çagy türkmen halky nähili ahwalaty başdan geçirdikä?
Tiran Stalin ölen çagy türkmen halky nähili ahwalaty başdan geçirdikä?

5-nji mart—Iosif Staliniň ölen günüdir

1924-1953-nji ýyllar aralygynda öňki sowet döwletiniň we Kommunistik partiýanyň ýolbaşçysy bolan Iosif Wissarionowiç Jugaşwili (Stalin) 1953-nji ýylyň 5-nji martynda aradan çykdy.

Onuň ölümi hakda, ol ölende kimleriň aglap, kimleriň şatlanandygy hakda ýatlamalar, dokumental ýazgylar ýazyldy, telewizion gepleşikler gurnalyp, dokumental kinolar düşürildi.

Tiran Stalin ölen çagy türkmen halky nähili ahwalaty başdan geçirdikä?

Stalin diňe öwülýärdi, mahabatlandyrylýardy. Stalin hakdaky hakykat aýdylmaýardy.
Ähli oba-şäherlerdäki erkek kişileriň Ikinji jahan urşuna gidip, aglabasynyň dolanyp gelmänligi üçin, köpüsiniň maýyp-müjripler bolup gelenligi üçin tyldaky ähli işlerde aýallar işläpdirler. Pagta ekiler ýaly her ýyl täze-täze ýerler açylypdyr. Traktor ýetmänligi sebäpli ähli işler el bilen edilipdir. Göçülen ýerlerdäki köne jaýlaryň harabalyklary ýykylyp, olaryň harsaň-harsaň keseklerini aýallar arkalaryna alyp, çete çykarar ekenler. Täze açylýan ýerlerdäki gerekmejek tutlar ýykylyp, meýdanlar çöp-çalamdan arassalanypdyr. Pagta ekişi döwri başlanýança aýallar şeýle işler bilen meşgullanypdyrlar.

Bir garry enäniň gürrüň bermegine görä, Staliniň ölen güni täze açylýan ýerlerde kesek daşap ýören aýallaryň barysyny brigadir üýşüripdir-de, olara halkyň beýik serdarynyň aradan çykanlygyny habar beripdir. Bu habary aýdýarka brigadiriň ýüzi örän gaýgyly eken. Ol gamgyn sesi bilen: «Doganlar! Bu gün öýüňize gaýdyň! Size rugsat. Beýik Serdarymyz Stalin ýogalypdyr!» diýipdir.

Brigadir şeý diýipdir welin, ähli aýallar: «Waý! Işimiz gaýtdy! Bagtymyz ýatdy! Indi Stalinsiz nädip ýaşarkak!? Ol bolmasa, ýene ýurdumyza duşman çozar, ýene uruş bolar!» diýşip, uly eňşeşik bolup, aglaşyp başlapdyrlar.

Soňra hemmeler öýli-öýüne dargapdyr. Aýallar ýolboýy hem maňlaýlaryna ura-ura, aglamak aglapdyrlar.

Stalin sebäpli, onuň jellady Beriýa sebäpli Sowet soýuzynyň ähli halklarynyň, şol sanda türkmenleriň hem başyndan nähili agyr jebirler inipdi. Halkyň köpüsi baý-kulak diýlip daşary ýurtlara kowuldy, köpüsi Staliniň Sibirdäki konslagerlerinde çüýredildi. Iň sowatly, iň akylly, edermen intelligensiýa wekilleri, sada halk 1937-1938-nji ýyllarda türmelere basyldy hem atyldy.

Halk iýmäge çörek tapman ýörkä, halkyň ogullary Sibiriň konslagerlerinde çüýredilýärkä Sowet hökümetiniň ýolbaşçylarynyň aýallary bilen jelepçilik edip, siflis keseline uçran Beriýadyr tiran Staliniň eden ýaman işleriniň beýanyny adamlar henize çenli hem ýazyp gutaryp bilenoklar.

Şeýle rehimsiz, jellat sypatly adam üçin türkmen zenanlarynyň maňlaýlaryna urup aglamasynyň sebäpleriniň ýene biri hem totalitar ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halka Stalindir Beriýa baradaky hakykaty ýetirmänligi üçindir.

Stalin diňe öwülýärdi, mahabatlandyrylýardy. Onuň halky çüýretmek üçin guran — Sibirdäki konslagerleri hakda, 1937-1938-nji ýyllardaky bas-ha-baslyklaryň hut Staliniň eli bilen edilýändigi hakda halka hiç zat aýdylmaýardy. «Basmaçy, baý-kulak» diýip, halky ýurtdan çykaranyň-da Stalindigi barada halka hakykat aýdylmaýardy.

Umuman, hakykatyň bukulan ýerinde halkyň gözi kör bolýar. Gynansagam, diktatorlaryň hemmesi şeýle — halkyň gözüni kör etmek syýasaty bilen ýurt dolandyrýarlar. Ýurdy şeýdip dolandyrmak olar üçin aňsat bolýar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG