Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň güýçleri gazaply hüjümleri amala aşyrdylar


Ýekşenbe güni Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä tarapdar harby güýçler oppozision ýaragly güýçleriň kontrollygyndaky käbir ilatly punktlary ele almak üçin gazaply hüjümleri amala aşyrdylar.

Ýekşenbe güni habar agentlikleri şeýle hüjümleriň paýtagt Tripoliniň günbataryndaky Zawiýah hem-de Tripoliniň gündogaryndaky Musrata şäherlerinde amala aşyrylandygyny habar berdiler.

Mundan daşary, Muammar Kaddafiniň goşunlarynyň tanklaryň we harby uçarlaryň kömegi bilen ýurduň nebit porty bolan Ras Lanuf portunyň eteklerindäki ýaragly gozgalaňçylaryň pozisiýalaryna-da hüjüm edendikleri barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG