Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan durnuksyzlygy “Merkezi Aziýa howp abaýar”


Owganystandaky durnuksyzlyk Merkezi Aziýa howp abaýar, daşary ýurtly söweşijileriň Owganystanda galmagy zerur diýip, Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň başlygy Nikolaý Bardiýuža penşenbe güni aýtdy.

Bardiýuža şeýle çykyşy guramanyň Duşenbede geçirilen iki günlik maslahaty tamamlananda etdi.

Bu duşuşyga gurama agza ýurtlaryň milli howpsuzlyk geňeşiniň ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar.

Bardiýužanyň sözlerine görä, entek Owganystan yslamçy gozgalaňçylardan abanýan howpy özbaşdak aradan aýyrmaga taýýar däl.

Owganystanda asudalyk, täzeden dikeldiş işleri we professional goşunyň doly düzülmegi üçin türgenleşik geçirmek goşmaça wagty talap edýär.

Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna Orsýet, Belarus, Ermenistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan girýär.
XS
SM
MD
LG