Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liwiýada ýedi žurnalistiň nirededigi näbelli


Liwiýada Kaddafiniň goşunlary bilen gozgalaňçylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk başlanaly bäri ýedi žurnalistiň nirededigi näbelli bolup galýar.

“Al-Jazeera” telekanalynyň iki žurnalisti we iki operatory iki hepde mundan öň Liwiýada ýitirim boldy.

Soňky üç günde “Frans- Press” agentliginiň iki žurnalistiniň we bir fotohabarçynyň nirededigi näbelli.

Geçen hepde Kaddafiniň goşunlary tarapyndan saklanan “The New York Times” gazetiniň dört korrespondenti duşenbe güni boşadyldy. Olary wiza režimini bozmakda aýypladylar. Žurnalistleriň Tripolidäki türk ilçisisne tabşyrylandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG