Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada Birleşen Ştatlaryň harby uçary ýere gaçdy


Öten gije Liwiýada howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny üpjün etmek ugrundaky harby operasiýada Amerikanyň harby uçary ýere gaçdy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Afrikadaky harby komandowaniýesi habar berýär.

F-15E kysymly harby uçaryň iki piloty hem özlerini uçardan taşlandan soň, halas bolupdyrlar. Olara diňe ujypsyz şikes ýetipdir.

Amerikanyň harby komandowaniýesiniň aýtmagyna görä, uçar garşylykly ot açmalar sebäpli däl-de, tehniki näsazlyklary zerarly ýere düşüpdir.
XS
SM
MD
LG