Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güljan Döwletmyradowa


«Magtymguly» kinofilminde Meňliniň roluny Güljan Döwletmyradowa ýerine ýetiripdi.
«Magtymguly» kinofilminde Meňliniň roluny Güljan Döwletmyradowa ýerine ýetiripdi.
1964-nji ýylyň güýzünde, Aşgabat uniwersitetinde okap ýörkäk, bizi Tejeniň bir kolhozyna pagta sürdüler. Obada gözümizi açyp gören gowaçamyzyň şiresini ýaňy bir tenimizden gyryp aýryp, pagta belasyndan “ind-ä dyndyg-ow” diýşip, uludan dem alyp ýetişmänkäk, elimize hatjagaz gowşuryp, yzymyza, paýtagta ugratdylar. Watany goramak gezegimiz gelipdir!

Dogrusy, ol-a goşun gullugy eken, gowaça meýdanyndan çykarsalar urşa gitmäge-de taýyndyk.

Altmyş ýediň ahyrynda-da dolanyp geldik.

Ozalky kursdaşlarym bireýýäm diplom alyp, käkiligiň çülpesi deýin pytrap gidipdir. Arasy kesilen okuwymyzy özümizden üç-dört ýaş kiçi studentler bilen dowam etmeli bolduk.

Birinji gün sapaga gelip, içi doly auditoriýadan boş ýer gözledim. Görsem, bir bugdaýreňk owadan gyzyň gapdalynda hiç kim ýok. Göni baryp çökdüm. Ol ýüzüme-de seretmedi. Uly göwrämi kiçeldip salam berdim, onam almady.

Ozalam elinde üç ýyl okap giden mugallymym Hanguly Taňryberdiýewiň birhaýukdan maňa gözi düşdi:

- Baý-bo-ow, gözlerim kimi görýär! Sag-aman geldiňm-ow? Goýberdilermi ýa gaçyp gaýtdyňmy?

- Men hiç haçan gaçýan däldirin, ýoldaş mugallym. Men diňe kowalaýandyryn.

Gapdalymda oturan gyz ýüzüme bir garady, şonda onuň çep ýaňagynda tirsildäp giden garaja nokada gözüm kaklyşyp gitdi...

Şol günüň ertesi çalaja tanyşlyk açdyk. Adynyň Güljandygyny, okuwa Gyzylarbatdan gelendigini bilip galdym. Bolany şol. Üýtgeşik gepem ýok, gürrüňem. «Salam» -- «Salam». «Ýagdaýlar?..» -- «Sag bol, onat».

Şeýdibem tomusky sessiýa ýetdik. Gaýtalap oturmaýyn – belli sebäplere görä uniwersitet bilen ýene hoşlaşmaly boldum. Soňra Güljany görmek, has takygy, aýatda diri görmek miýesser etmedi.

Men Güljany Alty Garlyýewiň režissýorlyk edip ekrana çykaran «Magtymguly» kinofilminde görüp galdym.

Nury Halmämmedowyň sazy bilen bezelen filmde Magtymgulynyň roluny Hommat Müllük, Meňliniň roluny bolsa Güljan Döwletmyradowa ýerine ýetiripdir.

Gyzylarbatda ýaşaýan bir tanşym ençeme ýyldan soň Guljanyň aýylganç tragediýasy hakda şeýleräk gürrün berdi:

«Magtymguly» kinosy surata düşürilýän mahallary Güljan eýýäm durmuşa çykypdy. Adamsy bolsa toýuň yzysüre goşun gullugyna çagyrylypdy. Yzyna dolanyp gelenson ýigidiň gelnejesimi, ýeňňesimi, başga-da iki-ýeke dili zäherli ilen-çalanymy, garaz, gelniň üstünden bedreläp hapa döküp başlapdyrlar:

- Heleýiň ýoldan çykdy. Uýanyny başyna orap gitdi Aşgabada, kino düşdi. Artist halkyna biz belet. Näme, yzjagazyna öňküligine gelendir öýdýäňmi?..

Ýigit çürt-kesik jogap gaýtarypdyr:

- Men gelnime ynanýan. Biziň durmuşymyza burnuňyzy sokmaň.

Emma ujy haçjaly ýylan dilleri ýerli-ýerden Güljana zäher pürkmesini bes etmändirler:

- Utançsyz! Bihaýa! Gül ýaly ýigidiň ýüzüni ýere salyp, ýene girip-çykybam ýör şul öýden. O mahlugam biziň ählimize ynanman, bir şuňa ynanýar. Heý, garamaňlaý!..

Benzin bilen otluçöpem, elbetde, gyt haryt däl...

Şeýdibem, Magtymgulynyň Meňlisini ekran arkaly ýigriminji asyra gaýtaryp getiren zehinli maşgala nejis gybatyň hem birehim töhmediň pidasy bolýar.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.
XS
SM
MD
LG