Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümetler internet azatlygyny çäklendirmäge ökdeleýär


O’Braýnyň aýtmagyna görä, Hytaýda döwletiň kontrollyk edaralary içaly elektron hatlarynyň üsti bilen žurnalistlere gözegçilik edýärler.
O’Braýnyň aýtmagyna görä, Hytaýda döwletiň kontrollyk edaralary içaly elektron hatlarynyň üsti bilen žurnalistlere gözegçilik edýärler.
Duşenbe güni “Žurnalistleri goramak boýunça komitet” “Internet zalymlarynyň 10 serişdesi” atly hasabatyny ýaýratdy. Bu hasabatda awtoritar režimleriň internet ulgamyndaky maglumatlaryň akymyny böwetlemek ugrunda alyp barýan işleri analiz edilýär.

Bu hasabatyň awtorlarynyň biri we “Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň” interneti propaganda etmek boýunça koordinatory Denni O’Braýnyň aýtmagyna görä, ýurduň içindäki adaty habar serişdelerini kontrollykda saklaýan döwletler, internetde maglumatlaryň erkin ýerleşdirilmegine hem gözegçilik etmäge synanyşýarlar.

Bu meselede Denni O’Braýn şeýle diýýär: "Adamlaryň internet älemindäki azatlyklary bilen, olaryň degişlilikdäki metbugat azatlygynyň arasynda juda ýakyn ilteşik bar. Internet azatlygy metbugat azatlygyndan gelip çykýar. Ýagny, eger-de ýurtda metbugat azatlygy bar bolsa, onda internet azatlygynyň peýda bolmagy hem diňe az wagtyň işi”.

Ulanylýan taktikalar

Awtoritar hökümetleriň internetdäki maglumatlary böwetlmek boýunça saýlap alýan taktikalary, umuman, juda aýdyň we ýönekeý, ýagny ähli internet gatnawynyň ýollaryny birden böwetlemek. Muny Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarek hem häkimiýetden çetleşdirilmänkä edipdi.

Munuň bilen baglylykda käbir başga çylşyrymly taktikalar hem ulanylýar. Bularyň arasynda internet serwerini köpçülikleýin elektron gatnaw talaplary bilen dolduryp, onuň kadaly işlemegine päsgel bermek ýaly usullar hem mysal bolup biler.

Tehnologiýanyň özgermegi bilen awtoritar hökümetler internetdäki maglumatlaryň alyş-çalşyny böwetlemek üçin has çylşyrymly tärleri ulanyp başladylar. O’Braýnyň aýtmagyna görä, Hytaýda döwletiň kontrollyk edaralary içaly elektron hatlarynyň üsti bilen žurnalistlere gözegçilik edýärler.

"Olar žurnalistleriň bilýän takyk maglumatlaryny we atlaryny ulanýarlar. Olaryň tanyşlary hökmünde e-mail hatlary ugradýarlar. Şol e-mail hatlar bilen birlikde-de, žurnalistleriň kompýuterlerine ýörite içaly programmalary girýär. Şondan soň kompýuterde edilýän ähli işlere gözegçilik edip, maglumatlary başga birlerine geçirip bolýar” diýip, Denni O’Braýn nygtady.

Eýran göze ilýär

Internet azatlygyny ýygy-ýygydan çäklendirýän döwletleriň arasyna Hytaý, Orsýet, Belarus we Gazagystan girýär. Ýöne, ”Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň” interneti propaganda etmek boýunça koordinatory Denni O’Braýnyň nygtamagyna görä, bu ugurda Eýranyň alyp barýan işleri has göze ilýär.

Eýranda 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň, hökümete garşy protestleri geçirmek çagyryşlary “Twitter” we “Facebook” sosial setleri arkaly ýaýradylypdy. Şol wagtlar Eýran hökümetiniň interneti peýdalanmak ukyby onçakly kän däldi.

Emma, O’Braýnyň bellemegine görä, Eýran bu ‘ýalňyşyny’ gysga wagtyň içinde düzetdi: "Eýranyň hökümeti internetiň oppozision protestleriniň we garaşsyz medianyň kuwwatlydygyna, ýöne ony çalt yzyna dolap boljakdygyna juda gysga wagtda düşündi. Netijede häzir Eýranda internete berk gözegçilik bar”.

Eýranda açylýan ähli websaýtlar hem ýurduň Medeniýet ministrliginde hökmany ýagdaýda hasaba alynmaly. Munuň bilen baglylykda Eýranda müňlerçe saýtlar gadagan edilen.

Şeýle-de Orsýet, Belarus, Kawkaz we Merkezi Aziýa döwletleriniň resmileri soňky döwürde internet ulgamyndaky gözegçilik işlerini ýaýbaňlandyrdylar.
XS
SM
MD
LG