Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabat kyn ýagdaýda


Pakistanyň Lahor şäherindäki ýoluň kenarynda, 3-nji maý.
Pakistanyň Lahor şäherindäki ýoluň kenarynda, 3-nji maý.
Dünýäde iň howply terrorist hasaplanan Osama bin Ladeniň öten hepde Pakistanda güpbasdy edilip öldürilmegi Yslamabady kyn ýagdaýa saldy. Ýurduň ýokary derejeli resmileri Bin Ladeniň öldürilmegini oňat garşylasalar-da, bu iş oppozisiýanyň amerikan güýçleriniň ýurduň özygtyýarlylygyny bozanlygy sebäpli Pakistanyň ýolbaşçylarynyň wezipeden çekilmegini talap etmegine getirdi.

Pakistanyň aňtaw gullugy ISI-niň (Inter-Services Intellegnce) öňki başlygy, pensiýa çykan general Hamik Gul Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy - “Maşaal” radiosyna şeýle diýdi: “Parlamentçiler ýerine ýetirji häkimiýetiň başlygynyň, ýurtda syýasy güýje eýe adamlaryň wezipeden çekilmegini soramaly. Sebäbi Amerika bilen bu hyzmatdaşlyk syýasatyny buýranlar şolar. Bu hyzmatdaşlyk bir şowsuzlyk bolup çykdy. Amerika biziň özygtyýarlylygymyzy, howpsuzlygymyzy depgilýär. Bu olaryň syýasaty, bu syýasaty alyp barýan şolar. Bu syýasaty döreden harbylar däl. Bu syýasaty döreden ISI däl”.

Gul: “Täze hökümet döredilse, ol özüniň Amerika ýaranjaňlyk edip, ikinji roly oýnamak syýasatyny üýtgetmeli” diýdi.

Pakistanyň güýçleri söweşijiler bilen gizlin ylalaşýar diýen şübhe zerarly Yslamabat bilen Waşingtonyň arasynyň açylmak gorkusy-da ýok däl. Ýöne Pakistan özüniň terrorizme garşy urşa ýokary baha töländigine salgylanyp, bu çaklamalary ret edýär.

Obama: “Biz Pakistanda Bin Ladeni goldan bir ulgam bolupdyr diýip, pikir edýäris. Ýöne bu ulgamyň kim ýa nämedigini bilemzok"
Prezident Barak Obama 8-nji maýda beren bir interwiýusynda “Al-Kaýdanyň” başlygyna Pakistanda goldaw berlen bolmalydygny, ýöne munuň içinde hökümet işgärleriniň barlygyny ýa ýokdugyny özüniň bilmeýändigini aýtdy: “Biz Pakistanda Bin Ladeni goldan bir ulgam bolupdyr diýip, pikir edýäris. Ýöne bu ulgamyň kim ýa nämedigini bilemzok. Munda hökümetiň içindäki ýa daşyndaky adamlaryň bolandygyny bilemzok. Biziň barlamaly zadymyz şol, has möhümi: Pakistan hökümetiniň barlamaly zady şol”.

Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk geňeşçisi Tom Donilon hem: “Pakistan Bin Ladeniň paýtagtyň golaýynda, harby ýokary okuw jaýynyň gapdalynda ençeme ýyllap nähili ýaşandygyny anyklamaly” diýdi.

“Pakistanda Abbottabatda Bin Ladeni goldan käbir goldaw ulgamy bolupdyr. Hökümetiň mundan habarlydygy barada elimizde subutnama ýok. Ýöne olar muny barlamaly. Şeýle hem Bin Ladeniň jaýyndan tapylan maglumatlary bize elýeterli etmeli. Olar Bin Ladeniň üç aýalyny häzir türmede saklaýarlar, biz bulardan hem sorag edip bilmeli” diýip, Donilon aýtdy.

“Çydamlylyk görkezilmez”

Pakistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Husain Hakkany Pakistan hökümetiniň derňewlerde gelnen netijelere görä hereket etjekdigini bildirdi. Ol biriniň “Al-Kaýda” bilen gizlin hyzamtdaşlyk edendigi belli bolsa, kim hem bolsa, oňa çydamlylyk görkezilmejekdigini aýtdy. Hakkany: “Derňew tamamlanansoň, kelleler togarlanar” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw işgärleri Bin Ladeniň Abbottabatdaky jaýynyň ”Al-Kaýdanyň” kontrollyk merkezi bolandygyny, Birleşen Ştatlaryň garşysyna geljek üçin göz öňünde tutulan hüjümleriň hem şu ýerde planlaşdyrylandygyny aýdýarlar. Ýöne Pakistanyň resmileri bu jaýyň telefon we internet baglanyşygynyň ýokdugyna salgylanyp, Bin Ladeniň öz terror guramasyny bu ýerden dolandyrandygyna şübhe edýärler.

Abbottabatda bolan hüjüm sebäpli Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda dartgynlylyk artýarka, ýerli metbugat Merkezi aňtaw gullugynyň Yslambatdaky stansiýasynyň başlygy diýip, bir adamyň adyny berdi.

Pakistanyň aňtaw gullugy we Birleşen Ştatlaryň ilçihanasy tarapyndan entek bu barada berlen beýanat ýok. Ýöne “Associated Press” habar gullugy bu adyň nädogrudygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG